Türkmenistanyň kuraş ýygyndysynyň Gyrgyzystandaky türgenleşiklerine 16 türgen gatnaşdy

Türkmenistanyň kuraş ýygyndysynyň Gyrgyzystandaky türgenleşiklerine 16 türgen gatnaşdy

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysynyň Gyrgyzystandaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna 16 türgen gatnaşdy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiri habar berýär.

Bu türgenleşikler şu ýyl Aşgabatda geçiriljek 14-nji dünýä çempionatyna taýýarlygyň ilkinji tapgyrlarynyň biridir.

Halkara Kuraş assosiasiýasynyň (IKA) howandarlygynda Yssyk-Köl oblastynda geçirilýän taýýarlyk ýygnanşygynda Türkmenistanyň topary eýranly, gyrgyzystanly we özbegistanly pälwanlar bilen bilelikde türgenleşik geçdiler.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenowyň ýolbaşçylygyndaky erkekler toparyndan 10 pälwan, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçirilen V Aziýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Şirin Kubaýewanyň ýolbaşçylygyndaky zenanlar toparyndan 6 türgen geljekki ýaryşa taýýarlyk görýärler.

Ýene degişli makalalar

Aýratyn tapawutlanan ýaşlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy
Türkmenistanyň esasy wakalary | 28-nji dekabr
Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň gahrymanlaryna awtoulaglar sowgat berildi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysy Gyrgyzystandaky türgenleşiklerini tamamlady