Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysy Gyrgyzystandaky türgenleşiklerini tamamlady

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysy Gyrgyzystandaky türgenleşiklerini tamamlady

Türkmenistanyň kuraş boýunça milli ýygyndysy Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-Köl sebitinde geçen okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlady.

Ýygnanyşygyň dowamynda ýurduň erkekler ýygyndysyna Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Dörtguly Tejenow, zenanlar ýygyndysyna bolsa halkara ýaryşlaryň köp sanlysynyň çempiony Şirin Kubaýewa tälim berdi.

Türkmen kuraşçylarynyň Yssyk-Kölde gyrgyz, eýran we özbek türgenleri bilen bilelikde türgenleşendigini aýtmak gerek. Olar tälimçileriň ýolbaşçylygynda, esasan, zyňyş emelleriniň tehnikasy we fiziki çydamlylyk boýunça ukyplaryny artdyrmaga üns berdiler.

Türkmen kuraşçylarynyň öňümizdäki dört aýyň dowamynda iki sany iri ýaryşa gatnaşjakdygyny ýatladýarys. Olaryň ilkinjisi şu ýylyň 23-nji sentýabry — 8-nji oktýabry aralygynda Hançžouda (Hytaý Halk Respublikasy) geçiriljek XIX tomusky Aziýa oýunlary bolar.

Şu ýylyň noýabr aýynda bolsa Aşgabat şäherinde dünýä çempionatynyň geçiriljekdigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň kuraş ýygyndysynyň Gyrgyzystandaky türgenleşiklerine 16 türgen gatnaşdy
Türkmenistanyň kuraş ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna girişdi
Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna taýýar
Aşgabatda Kuraş boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär