Aýratyn tapawutlanan ýaşlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy

Aýratyn tapawutlanan ýaşlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy

Şu gün ýurduň aýratyn tapawutlanan ýaşlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda tutanýerli zähmeti bilen Watanyň abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşan ýaşlaryň uly topary Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medaly bilen sylaglandy. Bu barada Watan gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň uly mejlisler zalynda geçirilen dabara Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar, dürli pudaklarda zähmet çekýän ýaş hünärmenler gatnaşdy.

Dabarada, ilki bilen, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýaş serkerdeleri sylaglanyldy.

Soňra Arkadag şäheriniň gurluşygynda tapawutlanan ýaşlar sylaglanyldy.

Dabarada Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly bäsleşigiň ýeňijileri hem sylaglanyldy.

Döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar bu bäsleşige beýik akyldaryň edebi mirasyny, paýhas hazynasyny dünýä ýaýmakda alnyp barylýan işlere bagyşlanan goşgularyny, makalalaryny, hekaýalaryny, gazet-žurnallaryň, kitaplaryň bezeg işlerini, aýdym-saz, heýkel, keramika, nakgaş, grafika eserlerini, haly we haly önümlerini, pýesalaryny, wideoşekillerini, dokumental we çeper-publisistik filmlerini hödürlediler.

Şu ýyl futbol boýunça ýurduň çempionatynda hem-de Kubogynda ýeňiji bolan Arkadag toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan MAN kysymly awtobus sowgat berildi.

Kuraş boýunça dünýä çempionatynda altyn medal gazanan türgenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Toyota Fortuner kysymly awtomobiller gowşuryldy. Pälwanlary dünýä çempionatyna taýýarlan tälimçiler Dörtguly Tejenow bilen Şirin Kubaýewa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi diýen hormatly at dakyldy hem-de Toyota Camry awtoulagy bilen sylaglandy.

Ýene degişli makalalar

Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň gahrymanlaryna awtoulaglar sowgat berildi
Türkmenistanyň esasy wakalary | 28-nji dekabr
Aşgabatda Kuraş boýunça Dünýä çempionaty geçirilýär
Türkmen türgenleri dünýä çempionatyna taýýar
Türkmenistanyň we Russiýanyň at gazanan tälimçisi Ýuriý Ambarsumow Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň myhmany
28.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy