Dünýä habarlary gysga setirlerde

/* custom css */ .td_uid_19_60de596d33728_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_19_60de596d33728_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; } Türkmenistandaky iň iri gurluşyk we hojalyk harytlarynyň söwda merkezler toplumy 575555 / 575757 / 575553 Dalaşgärler belli boldy.

Germaniýanyň Ýaşyllar partiýasynyň gurultaýy Annalena Baerbok bilen Robert Habekiň 26-njy sentýabrda Bundestaga geçiriljek saýlawlar üçin saýlaw sanawynyň ýolbaşçylarydygyny tassyklady. Ýöne kanslerlige dalaşgäriň Annalena Baerbok boljakdygy habar berilýär. Şeýlelik bilen, bu partiýa ilkinji gezek öz wekilini Ministrler Kabinetiniň Başlygy wezipesine hödürledi.

Saýlawlarda Ýaşyllar sesleriň köplügine eýe bolup, koalisiýa hökümetini gurmagy başarsa, Baerbok kansler wezipesini eýeläp Angela Merkeliň ornuny tutar.Watançylygy öwreder.ABŞ-nyň Florida ştatynyň respublikan gubernatory Ron Desantis döwlet mekdeplerinde raýat bilimini ýokarlandyrmaga we watançylyk söýgüsini ösdürmäge gönükdirilen täze maksatnamany yglan etdi.

Desantis okuwçylara orta mekdebi gutarandan soň raýatlygyň esaslarynyň hemişe möhüm boljakdygyny, şoňa görä, çagalykdan bu bilimleriň düýbüni goýmagyň zerurdygyny aýtdy.Onuň aýtmagyna görä, ene-atalar çagalaryny ýokary okuw mekdeplerine ugratmazdan ozal, watançylyk duýgylarynyň kemala getirilmegini isleýärler. Şazada bagyşlanan şaýylyk.

Beýik Britaniýanyň pul gaznasy şa aýal Ýelizawetanyň adamsy, aprel aýynda 99 ýaşynyň içinde aradan çykan şazada Filippiň ýadygärlik şaýylygynyň zikgelenendigini mälim etdi.Beýik Britaniýanyň pul gaznasy öz saýtynda Filippiň şekili goýlan şaýylyklary satyn almak üçin hödürleýär.

Onuň Alyhezretleri, Edinburg gersogy, şazada Filippiň hormatyna Korollygyň pul gaznasy onuň ömrüni we mirasyny hormatlap, ýadygärlik şaýylyk çykardy diýlip, Beýik Britaniýanyň pul gaznasynyň wekilleriniň beýanatynda mälim edilýär.Kwant tehnologiýalaryna maýa goýar.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel federal hökümetiň ýakyn dört ýylda kwant tehnologiýasyna 2 milliard ýewro maýa goýjakdygyny aýtdy.Germaniýa kwant tehnologiýalaryny öwrenmekde dünýä liderlerinden biridir. 2025-nji ýyla çenli bu pudaga goşmaça 2 milliard ýewro maýa goýarys diýip, Eningendäki IBM kwant kompýuteriniň işe girizilmegine onlaýn gatnaşan Angela Merkel aýtdy.

Eningende işe girizilen bu kompýuter, Ýewropadaky iň güýçli söwda maksatly kwant kompýuterdir.Agaçly meýdanlar artýar.Hemra arkaly alnan suratlar 2000-nji ýyldan bäri dünýäde täze ekilen agaçlaryň dörtden bir böleginiň Hytaýyň paýyna düşýändigini görkezdi.

HHR-iň Döwlet Geňeşi tarapyndan ýaýradylan beýanatda Hytaýyň bu ugurdaky goşandy uly bolup, ähli ýurtlardan öňde barýar.Beýanatda Hytaýyň 2020-nji ýylda kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 48,4 göterim azaldyp, 2005-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny 40-45 göterim azaltmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirendigi mälim edilýär. 30,5 milliard ýewro alar. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Ýewropa Bileleşiginiň dikeldiş we durnuklylyk gaznasyndan Gresiýa 30,5 milliard ýewro goýberiljekdigini habar berdi.

Ondan öň Italiýa, Ispaniýa we Portugaliýa pandemiýadan soň Ykdysady dikeldiş maksatnamasyna goýberilen 750 milliard ýewro serişdeleri ulanmak üçin ýaşyl yşyk alypdy.Bu maksatnama geçen ýylyň iýul aýynda 27 döwlet we hökümet baştutany tarapyndan tassyklandy.

Bu pul döwlet edaralaryny sanlylaşdyrmak we iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin ulanylar.Tink-i satyn alýar.ABŞ-nyň töleg ulgamy Visa Şwesiýanyň finteks platformasy Tink-i satyn aljakdygyny habar berdi.

Ylalaşyk 1,8 milliard ýewro bolar.Visa Tink brendini saklamak isleýär, şoňa görä, bu hyzmatyň häzirki ýolbaşçylar tarapyndan dolandyrylmagy dowam etdiriler we onuň ştab-kwartirasy Stokgolmda galar.Tink açyk banking atly ugurda işleýär. 2012-nji ýylda döredilen Tink, takmynan, 3,4 müň bank we beýleki maliýe guramalary bilen tutuş Ýewropada 250 milliondan gowrak müşderisi bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Diňe elektroulaglary öndürer.Germaniýanyň awtokonserni Audi içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulaglaryň önümçiligini bes etmek boýunça anyk meýilnamalary yglan etdi. 2026-njy ýyldan başlap, Audi-niň täze modelleriniň hemmesi elektroulaglar bolar diýip, konserniň ýolbaşçysy Markus Dýuzman habar berdi. 2025-nji ýyla çenli Audi-niň kysymynda 20-den gowrak elektroulag bolmagyna garaşylýar. Şunlukda, içinden otlanýan hereketlendirijileri bolan awtoulaglaryň önümçiliginiň 2033-nji ýyla çenli kem-kemden bes edilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Olaf Şols Germaniýanyň täze kansleri boldy
Merkel we Lukaşenko Polşa serhedindäki bosgun krizisini ara alyp maslahatlaşdy
Merkel Üçin Harby Hoşlaşyk Dabarasy Geçirildi
Angela Merkeli kansler wezipesinden ugratmak dabarasy geçirildi
Merkel ýatlamalar kitabyny neşir etdirmekçi
Dünýä ýurtlarynyň prezidentleri günde näçe sagat ýatyp ukusyny alýarlar
Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy