Dünýä habarlary gysga setirlerde

ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi.Hytaýyň Fuçžou şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň 44-nji mejlisinde bu guramanyň komiteti Eýranyň milli demir ýoluny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşdy.

Demirgazyk-Günorta demirýoly diýlip atlandyrylýan Eýranyň milli demir ýolunyň uzynlygy 1400 kilometre deňdir.Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň başlangyjy 1926-njy ýylda tassyklanyp, bir ýyldan soň eýranly, nemes we amerikan inženerleri onuň 1394 kilometrlik böleginiň gurluşygyna başladylar.

Gün elektrik bekedini gurar.Hindistanyň iň uly NTPC energiýa kompaniýasy Gujarat welaýatynda 4,75 GWt Gün parkyny gurýar.Munuň Hindistandaky iň uly desgadygy habar berilýär.

Taslama hökümetiň gaýtadan dikeldilýän energiýa stansiýalaryny gurmagy maksat edinýän Ultra Mega Renewable Energy Power Park (UMREPP) maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçiriler.Gün elektrik stansiýasy Tar çölünde ýerleşer.Täze Gün elektrik stansiýasy 30 müň MWt Täzelenip bilýän energiýa parkynyň bir bölegi bolar.

Howadan agyz suwy alynýar.Gurak sebitleriň ýaşaýjylary howadan suw almak üçin niýetlenen täze tehnologiýa bilen suwsuzlykdan halas bolar.Ony 82 ýaşly ispaniýaly inžener Enrike Weiga oýlap tapdy.

Alymyň bu enjamy suw almak üçin birnäçe kilometr ýol sökmeli bolýan adamlara niýetlenendir.Enjam sowadyjynyň ýörelgelerine laýyklykda işleýär.Howa suwa öwrülýänçä ony elektrik bilen sowadýarlar.Enjam 50-75 litr suw öndürmäge ukyply bolup, uly görnüşleri has köp suw öndürýär.

Täze tehnologiýa pes çyglylykda we aşa ýokary yssyda hem suw öndürýär.

Aýdym-sazlar Arktikada saklanar.Norwegiýada aýdym-sazlary saklamak üçin niýetlenen desga 300 metr çuňlukda ýerleşer.Bu ýerde iň azyndan müň ýyllap aýdym-saz eserleri saklanar.

Arhiwler çydamly optiki plýonkada ýazylýar.Döredijiler mümkin boldugyça dürli aýdym-sazlary The Beatles-iň eserlerinden başlap, Awstraliýanyň ýerli halklarynyň aýdymlaryna çenli saklamak isleýärler.Beýleki ýurtlar haýsy aýdymlaryň sanawa goşulmalydygy baradaky pikirlerini we isleglerini beýan edip bilerler.

Munuň üçin eýýäm Halkara aýdym-saz geňeşi döredildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen wekiliýeti “TürkmenistanABŞ” işewürlik geňeşiniň wekilleri bilen duşuşdy
Aşgabatda halkara nebitgaz maslahaty öz işine başlady
ХIХ asyra degişli gylyç tapyldy
12,1 million dollara satyldy
Ýasama nusgasy 3,4 million dollara satyldy
"Oskar 2021" baýragynyň gowşurylyşyny Bred Pit bilen Zendaýa alyp barar