Dünýä habarlary gysga setirlerde

“Henley Passport Index” konsalting kompaniýasy özüniň ýyllyk reýtinginde erkin hereket derejesi boýunça birinji ýerde Birleşen Arap Emirlikleriniň pasportuny goýup, onuň bilen dünýäniň 167 ýurduna gidip bolýandygyny mälim etdi. Ikinji orny Singapur we Germaniýa eýeledi (166 ýurt). Şwesiýa, Fransiýa, ABŞ, Italiýa we Norwegiýanyň pasportlary bilen 165 ýurda hiç bir päsgelçiliksiz gidip bolýanlygy bilen üçünji orna düşdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň öz döwlet telewideniýesini açmaga wagtyň ýetendigini mälim etdi. ABŞ-da şu günki güne çenli döwlet telewideniýesi ýok. Ýeke-täk jemgyýetçilik teleýaýlymy PBS bolsa, hususy haýyr-sahawatçylaryň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Estoniýanyň Prezidenti Kersti Kalýulaýd 2019-njy ýylyň 3-nji martynda ýurtda Parlament saýlawlaryny geçirmek baradaky karara gol çekdi. Ýakyn günlerde Estoniýanyň saýlaw geňeşi dalaşgärleri bellige almaga girişer. Saýlawlaryň öň ýanyndaky kampaniýalar 23-nji ýanwarda başlar.

Nýu-Ýorkuň “Christie’s” auksionynda açyk gök reňkli özboluşly göwher 18 million dollara satyldy. Auksionda satylan gymmat bahaly daşlaryň jemi bahasy 70 million dollara deň boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) Senidäki (Tarragon) müň ýyl bäri ösüp oturan zeýtun agaçlaryny dünýä ähmiýetli oba hojalyk mirasy hökmünde ykrar etdi. Gadymy zeýtun agaçlarynyň halkara ykraryýeti bu agaçlary goramak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Meşhur “Time” žurnaly däp boýunça her ýylyň dekabr aýynda “Ýylyň adamyny” mälim edip, şu ýyl ol žurnalistler toparyna berildi.Bu dereje ýylyň dowamynda dünýä täzeliklerinde uly orun alan bir adama ýa-da adamlar toparyna berilýär. “Ýylyň adamy” 1927-nji ýyldan bäri berlip, şonda bu dereje taryhda ilkinji gezek ýekelikde Atlantik ummanynyň üstünden uçup geçen Çarlz Lindberge berilýär.

Ýene degişli makalalar

Граждане 82 стран смогут посетить ОАЭ без предварительной визы
Türkmenistan myhmansöýerlik reýtinginde iň soňky orny aldy
Bagtlylykda öňe saýlanan Türkmenistan myhmansöýerlikde yza galýar
Iň “güýçli” pasportlaryň sanawy mälim edildi
Dünýäde 2023-nji ýyldaky iň güýçli pasportlaryň sanawy çap edildi
Syýahat etmek üçin dünýäniň iň gowy pasportlar yglan edildi