Dünýäde 2023-nji ýyldaky iň güýçli pasportlaryň sanawy çap edildi

Dünýäde 2023-nji ýyldaky iň güýçli pasportlaryň sanawy çap edildi

Singapuryň pasporty Henley Passport Index reýtingi boýunça dünýäde 2023-nji ýylda iň güýçli pasport hökmünde yglan edildi, onuň eýeleri ygtyýarnamasyz (wizasyz) 192 ýurda baryp bilýärler.

Sanawda ikinji orunda Germaniýanyň, Italiýanyň we Ispaniýanyň pasportlary ýerleşdi diýip, News.ru ýazýar. Bu ýurtlaryň pasportlarynyň eýeleri ygtyýarnama resmileşdirmezden, 190 ýurda baryp bilýärler. Üçünji orunda Ýaponiýanyň, Awstriýanyň, Finlýandiýanyň, Günorta Koreýanyň we Şwesiýanyň pasportlary ýerleşdi, bu döwletleriň raýatlary 189 ýurda baryp bilerler.

Arton Capital konsalting firmasy bolsa, iň güýçli pasport hökmünde Birleşen Arap Emirlikleriniň pasportyny yglan etdi.

Ýene degişli makalalar

Граждане 82 стран смогут посетить ОАЭ без предварительной визы
Iň “güýçli” pasportlaryň sanawy mälim edildi
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Türkmenistan myhmansöýerlik reýtinginde iň soňky orny aldy
Bagtlylykda öňe saýlanan Türkmenistan myhmansöýerlikde yza galýar
Türkmenabatda biometrik pasport üçin nobata dekabrda’ ýazga durup bolýar