Iň “güýçli” pasportlaryň sanawy mälim edildi

ABŞ-da ýerleşýän “Henley Passport Index” maslahat beriş kompaniýasynyň sanawynda Singapuryň pasporty 2023-nji ýylda dünýäniň iň “güýçli” pasporty hökmünde ykrar edildi. Onuň eýeleri wizasyz 192 ýurda baryp bilýärler. Bu barada “News.ru” web saýty habar berýär.

Sanawda ikinji orunda Germaniýanyň, Italiýanyň we Ispaniýanyň pasportlary orun aldy. Bu ýurtlaryň pasportlarynyň eýeleri wiza resmileşdirmezden, 190 ýurda baryp bilýärler. Üçünji orunda Ýaponiýanyň, Awstriýanyň, Finlýandiýanyň, Günorta Koreýanyň we Şwesiýanyň pasportlary ýerleşip, bu döwletleriň raýatlary 189 ýurda baryp bilýärler.

Kanadanyň “Arton Capital” maslahat beriş kompaniýasy bolsa, iň “güýçli” pasport hökmünde Birleşen Arap Emirlikleriniň pasportyny ykrar etdi.

Ýene degişli makalalar

Граждане 82 стран смогут посетить ОАЭ без предварительной визы
Dünýäde 2023-nji ýyldaky iň güýçli pasportlaryň sanawy çap edildi
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Türkmenistan myhmansöýerlik reýtinginde iň soňky orny aldy
Bagtlylykda öňe saýlanan Türkmenistan myhmansöýerlikde yza galýar
Türkmenabatda biometrik pasport üçin nobata dekabrda’ ýazga durup bolýar