DÜNÝÄ HABARLARY gysga setirlerde

Ispaniýanyň Koroly Filipp VI ýurduň Premýer-ministri Pedro Sançese täze ministrler kabinetini düzmegi tabşyrdy. Ozal habar berlişi ýaly, 10-njy noýabrda Ispaniýada ählumumy saýlawlar geçirildi. Onuň netijelerine görä, Ispan sosialistik işçi partiýasy ýeňiş gazandy. Beýleki partiýalar bilen bileleşik düzmegi maksat edinýän Pedro Sançese “Podemos” partiýasy bilen ylalaşyk gazanmak başartdy.

Bilim, ylym we medeniýet boýunça yslam guramasynyň ýygnagynda (ISESCO) Müsüriň paýtagty Kair hem-de Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäheri 2020-nji ýylda “Yslam medeniýetiniň paýtagty” diýlip, mälim edildi.

Bu karar Tunis şäheriniň 2019-njy ýylda “Yslam medeniýetiniň paýtagty” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli geçirilen guramanyň jemleýji maslahatynda kabul edildi.ISESCO-nyň baş sekretary Salim bin Muhammed al-Malik “Yslam medeniýetiniň paýtagty” derejesiniň medeni ösüşe ýardam bermek maksady bilen esaslandyrylandygyny belledi.

Nýu-Ýorkuň “Sotheby’s” söwda öýünde britan rok-sazandasy, aýdymçysy, şahyry we ýazyjysy Jon Lennonyň (1940-1980) rowaýaty tegelek äýnegi 137,5 müň funt sterlinge satyldy. Ony satyn alanyň ady mälim edilmedi.

2019-njy ýylyň “Dünýä gözeli” derejesine ýamaýkaly Toni-Enn Sing eýe boldy. Sylaglaýyş dabarasy Londonda geçirildi. Gözellik bäsleşigi 1951-nji ýyldan bäri geçirilýär. Geljek ýyl bu bäsleşigiň döredilmeginiň 70 ýyllygy Tailandda bellenip geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Kolumbyň haty satyldy
Koronawirusa Ýolugan Ispaniýanyň Premýer-ministri G-20 Sammite Gatnaşyp Bilmez
Prezident Erdogan, Ispaniýanyň Premýer-ministri Sançes Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Prezident Erdogan Alžire guran saparyndan soň beýannama berdi
Pedro Sançes gaýtadan tassyklandy
Ispaniýanyň Premýer-ministri, Palestina Döwletiniň Ykrar Edilmegi Üçin Çagyryş Berdi
Belgiýanyň Wise-premýeri Palestinanyň Garaşsyz Döwlet Hökmünde Ykrar Edilmegini Isleýär