Kolumbyň haty satyldy

Deňiz syýahatçysy Hristofer Kolumbyň haty “Christie’s” auksionynda 3,71 million ýewro satyldy. Bu hat “De insulis nuper inventus” (“Täze açylan adalarda”) diýlip atlandyrylýar we onda barlag geçirijiniň Hindistan diýip atlandyran adalarynyň topografiýasy we ilaty barada gürrüň berilýär.

Täze Dünýäniň açylyşy baradaky hat, dört sahypadan ybarat bolup, 1493-nji ýylda çap edilipdir. Tekst ispan dilinden latyn diline terjime edilipdir. Kolumb bu haty Korol Ferdinandyň pulçysy Gabriel Sançese ýazypdyr.

Ýene degişli makalalar

“Miss International 2025” bäsleşiginiň ýeňijisi mälim edildi
Kolumbiýada harby uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde azyndan 66 adam ýogaldy
Täze ýyl arçasyny bezemegiň däpleriniň taryhy
Futboluň şasy aradan çykdy
Karl III şekillendirilen şaýylyklar hödürlendi
4-nji ýanwar Nýuton güni