Dünýä habarlary gysga setirlerde

Premýer-ministriň ýeňşi.Täze Zelandiýanyň Premýer-ministri Jasinda Ardern ýene bir möhlet bilen hökümetiň başynda galar.Zähmet partiýasy ýurtda geçirilen Parlament saýlawlarynda 49,1 göterim ses bilen ýeňiş gazandy.

Indi saýlawçylaryň ýarysyndan gowragynyň goldawyna eýe bolan bu partiýa öz hökümetini gurup biler.Zähmet partiýasynyň esasy bäsdeşi merkezi sagçy Milli partiýasy sesleriň bary-ýogy 26 göterimini aldy.Täze Zelandiýada Parlament saýlawlary her üç ýyldan geçirilýär.

Wagtyndan öň ses berdiler. 28 milliondan gowrak amerikaly ABŞ-da geçiriljek umumy saýlawlara möhletinden öň ses berdi.Hasaplamalar Florida ştatynyň uniwersitetiniň professory Maýkl Makdonalds tarapyndan döredilen taslama arkaly habar berildi. 3-nji noýabrda geçiriljek umumy saýlawlarda Prezident we wise-prezident, 35 senator, Wekiller palatasynyň 435 agzasy, 13 ştat we sebit gubernatorlary saýlanar.

Respublikaçylardan Donald Tramp we demokratlardan Jozef Baýden prezidentlik ugrunda bäsleşerler.

Indiki saýlawlaryň senesi. Serbiýada geçiriljek indiki Parlament saýlawlary, Prezident saýlawlary bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 3-nji aprelinden gijä galman geçiriler. Bu barada ýurduň Prezidenti Aleksandr Wuçiç Serbiýanyň dolandyryjy Ösüş partiýasynyň ýygnagyndan soň halka eden ýüzlenmesinde aýtdy. Serbiýanyň Ösüş partiýasy 21-nji iýunda geçirilen Parlament saýlawlarynda 60,65 göterim ses alyp, Parlamentde 188 orna eýe boldy.

Luis Arse ýeňiş gazandy.Boliwiýada geçirilen Prezident saýlawlarynda Luis Arse ýeňiş gazandy.Onuň ýeňşi ýurduň saýlaw topary tarapyndan ykrar edildi.Boliwiýada Prezidentiň wezipesini ýerine ýetiriji Žanin Anes hem Sosializm hereket partiýasynyň wekili Luis Arseniň ýeňşini tassyklady.

Saýlawlar 18-nji oktýabrda geçirildi.Esasy bäsleşik öňki ykdysadyýet ministri Luis Arse bilen 2003-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2005-nji ýylyň iýun aýyna çenli ýurdy dolandyran öňki Prezident Karlos Mesanyň arasynda bolup geçdi.

Täze gaz gorlary tapyldy.Türkiýäniň Fatih buraw gämisi, Gara deňzinden möçberi 85 milliard kub metre deň bolan täze tebigy gaz goruny ýüze çykardy.Bu barada ýurduň energetika we tebigy gorlar ministri Fatih Dönmez mälim etdi. Şeýle hem ol tomusda Gara deňzinden 320 milliard kub metr ätiýaçlyk gorlary bolan gaz ýatagynyň tapylandygyny ýatlatdy.

Ol täze tapylan ýatakdan gaz önümçiliginiň 2023-nji ýylda başlanylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Ýewropanyň medeni paýtagtlary.Irlandiýanyň Golueý we Horwatiýanyň Rieka şäherleri 2020-nji ýylda Ýewropanyň medeni paýtagtlary boldular.Golueý XVII-XVIII asyrlardan miras galan taryhy binalaryň hem-de köp sanly sungat galereýalarydyr teatr meýdançalarynyň merkezidir.

Maksatnamanyň başlygy Marilin Gon-Redden häzirki wagtda Golueý şäherinde 18 million ýewro barabar işleriň ýerine ýetirilip, meýilleşdirilen çäreleriň 70 göteriminiň amala aşyrylandygyny habar berdi.

Irki hurmalar ýetişdirildi.Iki müň ýyldan gowrak ozalky miwe tohumlary ysraýylly alymlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirildi.Arheologlar gazuw-agtaryş işlerinde gadymy hurma agajynyň tohumlaryny tapdylar.Alymlar bu tohumlary çölde ekip görmeli diýen karara geldiler. Çünki şeýle şertlerde müňlerçe ýyl mundan ozal, hurma agaçlary ösdürilip ýetişdirilipdir.

Netijede, birbada birnäçe agaç ösüp, eýýäm miwe hem berdi.Hurmanyň bu görnüşi ululygy we süýji tagamy bilen tapawutlandy.

53 ýyl ozal ýiten ýüzük.ABŞ-nyň Barrington şäheriniň ýaşaýjysy adamsynyň 1967-nji ýylda ýitiren ýüzügini howuzdan çykardy. 53 ýyl mundan öň, 16 ýaşly Stiw Rowell howzuň gyrasynda otyrka, gutardyş agşamy üçin satyn alan ýüzügini howza gaçyrýar.

Ol soň-soňlar bu barada aýaly Ketä gürrüň berýär.Durmuş guranlaryndan 31 ýyl soň, 2019-njy ýylda Keti demir gözleýjileriň kömegi bilen ýiten ýüzügi suwdan çykarýar. 69 ýaşly Stiw bolýan zatlara haýran galyp, ony barmagyna dakjak bolýar. Ýöne ýüzük barmagyna sygmaýar.

Ýene degişli makalalar

Haýsy ýurduň ady näme manyny berýär?
Boliwiýanyň DIM-i ýurduň BRIKS-e goşulmagynyň üstünde işlemekçi
Günorta Amerika döwletleriniň liderleri Türkiyä gynanç bildirdiler
Wenesuelada Ugo Çawes aradan çykmagynyň 10-njy ýylynda hatyralandy
Günorta Afrikada BRIKS sammiti açylýar
Amazon ýurtlarynyň ýygnagy
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär