Dünýä Kubogyna 1 ýeňiş galdy

Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama duşuşyklarynyň çäginde Aziýa zolagynda 3-nji tapgyryň toparçalardaky 5-6-njy duşuşyklary geçirildi. “C” toparçada Ýaponiýanyň şemaly belentden öwüsýär.Myhmançylykda oýnan 2 duşuşygynda-da ýeňiş gazanan Ýaponiýanyň ýygyndysy ilki Indoneziýadan 4-0, soňra Hytaýdan 3-1 hasabynda üstün çykdy. Ýaponlaryň gollaryny 1-nji duşuşykda Hübner (35, ö.d.), Minamino (40), Morita (49), Sugawara (69), 2-nji duşuşykda bolsa Ogawa (39, 54) bilen Itakura (45+6) geçirdi.

Bu ýeňişlerden soň Ýaponiýanyň ýygyndysynyň saýlama oýunlaryndan Dünýä Kubogy 2026-a gatnaşjak ilkinji ýygyndy bolmagy mümkin.Olar mart aýyndaky 1-nji duşuşygynda ýeňiş gazanyp, Awstraliýa utuk ýitirse, Dünýä Kubogyna gitjek ilkinji topar bolar.

Awstraliýa bu tapgyrda 2 duşuşygyny-da deňme-deň oýnady.Saud Arabystany bilen 0-0, Bahreýn bilen 2-2 deňme-deň oýnan Awstraliýanyň 6 duşuşykdan soň 7 utugy bar.

Roberto Mançinini wezipeden boşadan Saud Arabystany 2-nji duşuşygynda Indoneziýadan Marselinonyň gollary esasynda 2-0 hasabynda utuldy.Awstraliýa Saud Arabystany: 0-0, Bahreýn Hytaý: 0-1, Indoneziýa Ýaponiýa: 0-4; Hytaý Ýaponiýa: 1-3, Indoneziýa Saud Arabystany: 2-0, Bahreýn Awstraliýa: 2-2 /* custom css */ .td_uid_15_673e7a342cc68_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673e7a342cc68_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama ýaryşynyň final tapgyrynda çykyş ederler
Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
90 ýyldan soň täzeden tapyldy
“Arkadag” topary “Al-Nassr” topary bilen bije çekişdi
Arkadag topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän Al-Nasr topary bilen duşuşar
Indoneziýada dünýäniň iň gadymy gaýa suraty tapyldy
Singapurda awiasiýa pudagynyň iri sergisi açyldy