Dünýä Kubogyna 47 gün galdy

Dünýä çempionatynyň rekordlary

* Futbol boýunça şu wagta çenli geçirilen 20 Dünýä çempionatynda jemi 2300 gol (oýundan soňky penaltiler hasaba alnanok) derwezä girizildi.* Çempionatyň ilkinji goluny geçiren fransiýaly Lusien Lorenden buýana 1200-den gowrak futbolçy tapawutlandy. Şolaryň 90 sanysy 5 we 5-den köp gol geçirdi. Şol 90 futbolçy 30 ýurduň wekili bolup, bu sanawda Germaniýadan 14, Braziliýadan 13 futbolçynyň ady bar.* Dünýä çempionatlarynyň iň köp gol geçiren futbolçysy germaniýaly Miroslaw Kloze bolup, ol 4 çempionatda 24 duşuşyk geçirip, şolarda-da 16 gezek tapawutlandy.

Ol braziliýaly Ronaldonyň 2006-njy ýylda öz adyna geçiren rekordyny 2014-nji ýylda Braziliýada, üstesine-de Braziliýanyň garşysyna geçirilen duşuşykda täzelemegi başardy.Kloze Saud Arabystanynyň (2002, hetr-trik) hem-de Argentinanyň (2006, 2010 2) derwezelerinden 3, Kosta Rika (2006) bilen Ekwadoryň (2006) torundan 2, Irlandiýanyň (2002), Kamerunyň (2002), Awstraliýanyň (2010), Angliýanyň (2010), Gananyň (2014) hem-de Braziliýanyň (2014) derwezelerindenem 1 gol geçirdi.* Bu rekordy 1 çempionatda 13 gol geçiren Žýust Fonten 19581974-nji ýyllar aralygynda özünde saklady. 19701974-nji ýyllarda 14 pökgi geçiren germaniýaly Gerd Mülleriň rekordyny 2006-njy ýyllarda Ronaldo täzelemegi başardy.* Dünýä çempionatlarynda 50 het-trik hasaba alyndy. 2006-njy ýylda diňe 1 het-trik, 1958-nji ýylda-da 8 het-trik edildi.* Dünýä çempionatlarynda ilkinji het-trik eden oýunçy amerikaly Bert Petnaud bolup, 1930-njy ýylda Paragwaýyň derwezesinden 3 pökgi geçirdi.* Dünýä çempionatlarynda 2 gezek het-trik eden futbolçylar — Şandor Koçiş (1954), Žýust Fonten (1958), Gerd Müller (1970) hem-de Gabriel Batistuta (1994, 1998).

Argentinaly Batistuta 2 Dünýä Kubogynda het-trik eden ýeke-täk futbolçydyr.Ol ikisini-de bir günde, 1994-nji ýylyň hem-de 1998-nji ýylyň 21-nji iýunda degişlilikde Gresiýanyň we Ýamaýkanyň derwezesine 3 gol girizdi.* Dünýä çempionatlarynyň finalynda het-trik eden ýeke-täk futbolçy angliýaly Jeoff Hurst bolup, 1966-njy ýyldaky finalda Angliýa Günbatar Germaniýany 42 hasabynda ýeňipdi.* Dünýä çempionatlarynda 1 duşuşykda 5 gol geçiren ýeke-täk futbolçy russiýaly Oleg Salenko bolup, ABŞ 1994-de Kamerunyň torundan 5 pökgi girizdi.* Dünýä çempionatlarynda hiç bir oýunçy 2 gezek iň köp pökgi geçiren futbolçy diýen ady alyp bilmedi.* 1 çempionatda iň köp gol geçiren futbolçy fransiýaly Žýust Fontendir.

Ol Şwesiýa 1958-de 13 gol geçirip, 60 ýyldan bäri rekordy özünde saklaýar.* 3 çempionatda 1-den köp futbolçy iň netijeli oýunçylaryň sanawynda birmeňzeş netije görkezdi. 1962-nji ýylda Çilidäki çempionatda 4 gezek tapawutlanan 6 futbolçy (iň az gol bilen bu ada mynasyp boldular), 1994-nji ýylda ABŞ-daky Dünýä Kubogynda 6 pökgini tora salan Hristo Stoýçkow bilen Oleg Salenko hem-de Günorta Afrika 2010-da 5 goly öz atlaryna ýazdyran 4 futbolçy iň köp gol geçiren oýunçylar boldy.* 29 futbolçy iň köp pökgi geçirenleriň sanawyna adyny ýazdyrmagy başardy (19-sy Ýewropadan, 10-sy Günorta Amerikadan). Şolaryň 5-si brazil futbolçylarydyr.

Dünýä çempionatlarynda 3 oýunçy 1 ýaryşda 10 we 10-dan köp gol salyp, olar Şandor Koçiş, Žýust Fonten hem-de Gerd Müllerdir.

Ýene degişli makalalar

Taryhy ýeňişleriň başlangyjy ilkinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1974)
Dünýäniň iň uzyn pizza çöregi
Parahatda käte suw, käte-de gaz bilen tok kesilýär
XXIII gyşky Olimpiýa oýunlary
Orsýetdäki festiwalda baýrak alan türkmen atly ýigitlerini “Arkadaga şöhrat” diýen gykylyk bilen garşy aldylar