Dünýä Kubogynyň eýesi, argentinaly futbolçy Italiýa dolandy

Argentinaly futbolçy, Katar 2022 Dünýä Kubogynda çempionlyk gazanan ýarymgoragçy Papu Gomes 2 ýyldan soň Italiýa dolandy.Sewilýa bilen şertnamasy tamamlanan 35 ýaşyndaky futbolçy “Monza” toparynyň düzümine goşuldy.

Ol täze kluby bilen 1 ýyllyk şertnama gol çekişdi.Papu Gomes 2021-nji ýylyň ýanwarynda “Atalantadan” “Sewilýa” tölegsiz geçipdi. “Atalantada” 6,5 ýyl çykyş eden Papu Gomes futbola ýurdunyň “Arsenal de Sarandi” klubunda başlady.

Soňlugy bilen, “San Lorenzo”, Italiýanyň “Kataniýa” hem-de Ukrainanyň “Metallist” toparlarynda oýnady.

Papu Gomes Argentinanyň ýygyndysynda-da 17 duşuşykda 3 gezek tapawutlandy.

Ýene degişli makalalar

Çagasynyň sirobyny içip, dopingli çykdy we futboly taşlady
Meşhur futbolçynyň ogly ilkinji gezek milli ýygynda çagyryldy
UEFA “Sewilýa” Ligasy
3-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
10-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Baýer ýeňlişsiz ýöriş boýunça täzelenen rekord bilen Ýewropa ligasynyň finalyna çykdy