Çagasynyň sirobyny içip, dopingli çykdy we futboly taşlady

Argentinaly futbolçy, Dünýä Kubogynyň eýesi Papu Gomes futbol karýerasyny tamamlady. 35 ýaşyndaky oýunçy sentýabr aýynda Italiýanyň “Monza” topary bilen erkin agent ýagdaýynda şertnama baglaşypdy.Geçen möwsümi “Sewilýa” toparynda geçiren Papu Gomesiň doping barlaglary pozitiw çykdy.

Onuň Dünýä Kubogyndan öňki barlaglarynyň pozitiw çykmagy sebäpli 35 ýaşyndaky oýunça 2 ýyl jerime berildi.Papu Gomes 2 ýyllyk jerimeden soň futboly taşlandygyny habar berdi.

Papu Gomes “Sewilýa” toparynyň türgenleşiklerinde özüniň oňaýsyz duýan mahaly, klubuň lukmanlaryna ýüz tutman, çagalarynyň biriniň sirobyny içýär.WADA geçiren barlaglarynyň netijesinde Papu Gomesiň içen şol sirobynyň düzüminde gadagan edilen maddanyň bolmagy, ýagny doping hasaplanýan maddanyň bolmagy oýunçy dopingli hasaplandy. Şunlukda, karýerasynda “Arsenal de Sarandi”, “San Lorenzo”, “Kataniýa”, “Metallist”, “Atalanta” hem-de “Sewilýa” klublarynda oýnan Papu Gomes Argentinanyň ýygyndysynda 17 duşuşyk geçirdi.

Argentinanyň Katar 2022 Dünýä Kubogynda çempionlyk gazanan Argentinanyň ýygyndysy bilen çempionlyk gazanan Papu Gomes çempionatda 2 duşuşykda oýnady. Ol toparçada Saud Arabystany bilen hem-de 1/8 finalda Awstraliýa duşuşyklarynda meýdança çykypdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogynyň eýesi, argentinaly futbolçy Italiýa dolandy
UEFA “Sewilýa” Ligasy
Moskwada Uly multfilm festiwaly badalga aldy
47 ýyldan soň 2-nji çempionlyk
Dünýäniň täsin stadionlary 3
“Ýuwentus” goşmaça wagtda ýeňiş gazandy, çärýek finalda Milan derbisi oýnalar