Dünýä ýer titremeleri baradaky habarlar bilen oýandy

Dünýä ýer titremeleri baradaky habarlar bilen oýandy

Wenesuela we Ýaponiýa güýçli ýertitremeleri bilen sarsyldy, Wenesuelada bolan ýer titreme sebitde sunami duýduryşlarynyň berilmegine sebäp boldy.

Wenesuelada bolan ýer titremäniň güýji 7,1 bal, Ýaponiýadaky ýer titremäniň güýji bolsa 6,9 bal hökmünde hasaba alyndy.

ABŞ-nyň Geologiýa gullugy merkeziniň maglumatyna görä, Wenesueladaky ýer titremesi ýeriň takmynan 10 kilometr çuňlugynda we deňiz kenaryndaky Moron şäherçesiniň günbatarynda emele geldi.

Güýçli ýer titremeleri paýtagt Karakas şäherine hem güýçli täsir ýetirdi we beýik jaýlaryň yranmagyndan soň ýaşaýjylar jaýlaryndan ewakuasiýa edildi.

ABŞ-nyň Geologiýa gözegçiligi merkezi Wenesuelada ilkinji ýer yranmasyndan soň 7 baldan geçen ikinji ýer titremäniň bolandygyny habar berdi.

Ýuwaş okean sunami duýduryş merkezi Wenesuelanyň golaýyndaky kenarýaka sebitler we goňşy Aruba, Bonaire we Kurasao adalary üçin sunami howpy barada duýduryş berdi.

Puerto-Riko we ABŞ-nyň Wirgin adalarynda sunami barada duýduryşlar berildi, resmiler adaty bolmadyk tolkun işjeňligini anyklamak üçin kenarýaka suw joşma stansiýalaryna gözegçilik etmäge başladylar.

Raýat goranyş toparlary ýer titremesiniň merkezine iň ýakyn we iň agyr zyýan çeken sebitlere infrastruktura ýetilen zyýany kesgitlemek üçin iberildi.

ABŞ-nyň Geologiýa gözegçiligi merkezi Wenesuelada köp adam pidalarynyň we giň gerimli zyýanyň bolmagynyň mümkindigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Wenesueladaky ýer titremesinde ýogalan adamlaryň sany artdy
Karakas: ABŞ-nyň Wenesuelanyň nebitine we ýerine eýeçilik etmek baradaky talaplary halkara hukugyny bozýar
ABŞ Wenesuela garşy täze sanksiýalary girizdi
Wenesueal: ABŞ-nyň soňky nebit tankerlerini ele geçirmeği “halkara garakçylyk”
Maduro: Wenesuela psihologik terrorçylyk we deňiz garakçylary bilen ýüzbe-ýüz boldy
Wenesuela milli özygtyýarlylygy goramakda Russiýanyň goldawyna minnetdarlyk bildirýär