Dünýäde iň köp welosiped sürülýän ýurtlar haýsylar?

Şu gün 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni. 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň teklibi bilen 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni hökmünde kabul edildi.

Bu çözgüt daşky gurşaw üçin zyýansyz hem-de saglyk üçin peýdaly bolan welosipediň ulanylyşyny höweslendirmek maksady bilen kabul edildi. Ýangyç bilen işleýän ulaglaryň deregine welosipedi gatnaw serişdesi hökmünde ulanmak howanyň hapalanmagynyň öňüni alýar. Şeýle-de bu saglyk üçin hem peýdalydyr.

Eýsem, iň köp welosiped sürülýän ýurtlar haýsylarka?!Ine, welosiped barada gyzykly maglumatlar…

Welosiped diýlende ilki bilen ýadyňa Niderlandlar düşýär. Bu ýurt welosipedleriň ýurdy hasaplanýar. Ilaty 17 million bolan ýurtda jemi 23 million welosiped bar.

Ýurduň welosipedçiler bileleşigi tarapyndan berilýän maglumatlara görä, dünýäde 1 milliarddan gowrak welosiped bolup, olaryň 2,3 göterimi Niderlandlarda. Ýurtda her adama (uludan-kiçä ähli ilaty hasaba alanyňda) ortaça 1,3 welosiped düşýär.

Bu görkeziji Daniýada 0,8, Ýaponiýada 0,6, Belgiýada 0,5, Hytaýda 0,4 we ABŞ-da 0,3.Niderlandlarda adatça işe we çagalar mekdebe gidenlerinde welosiped ulanylýar.

Howa şertleri nähili bolanda-da niderlandlylar welosiped sürýärler. Ýurtda her ýylda 1 million welosiped satylýar.Olaryň ýarysyny elektrik batareýaly ulaglar emele getirýär. Ýurtda 37 müň kilometrlik welosiped ýodasy bar.

Niderlandlaryň hersi welosipedli ýylda ortaça 888 kilometr ýol geçýär.

Ýurtda jemgyýetçilik ulagy hökmünde otlular hem giňden ulanylýar. Wokzallaryň töwereginde ýörite welosiped duralgalary bar. Niderlandlaryň Utreht şäherinde 12 müň 500 welosiped goýup bolýan köp gatly duralga bar. Bu duralga dünýäniň iň uly welosiped duralga hasaplanýar. Maglumatlara görä, ýurtda zenanlar erkeklere garanyňda has köp welosiped ulanýar.

Ispaniýa Ýewropa ýurtlarynyň arasynda welosiped ulanmakda ortaça hasaplanýan ýurtlaryň biridir.

“Global Consumer Survey” şereketiniň 2021-nji ýyldaky maglumatlaryna görä, Ispaniýada 18-64 ýaş aralygyndaky ilatyň 24 göterimi hepdede azyndan iki gezek şäher içinde bir ýere gitmek üçin, ýagny gatnaw üçin welosipedden peýdalanýar.

Ispanlaryň 7 göterimi her günde welosipedden peýdalanýar. Ýurduň ilatynyň 48 göterimi özüni welosiped sürüjisi hasaplaýar.

Ýurduň hökümeti ýurduň çäginde 2030-njy ýyla çenli gatnawda welosipediň ulanylyşyny 10 göterime ýetirmegi maksat edinýär.

Ýurtdaky şäherleriň 47 göteriminde adamlaryň elýeterli bahadan welosiped kärendesine almaklary üçin (aýlyk 25-50 ýewro aralygynda) hyzmaty hödürlenýär. Ýurduň Wiktoriýa, Sewilýa, Barselona, Walensiýa, San Sebastiýan, Las Palmas we Zaragoza şäherlerinde welosipediň has köp ulanylýandygyny görmek bolýar.

Pandemiýadan soňra Şweýsariýada welosiped we elektrik energiýasy bilen işleýän samokatlaryň ulanylyşy artypdyr. Ýurtda her 100 maşgalanyň 69-ynda azyndan bir welosiped bar. Ýurtda ýylda ortaça 320 müň welosiped satylýar. Şweýsariýadaky welosiped ýodalarynyň uzynlygy 8 müň 500 kilometre ýetýär. Şeýle hem iki tigirli ulagyň ulanylyşyny artdyrmak maksady bilen adaty ýollaryň ugurlarynda welosiped liniýalary gurulýar.

Germaniýadaky welosipedleriň sany ilatyň sanyna barabar 81 million.

Geçen ýyl ýurtda 2,3 million welosiped öndürilipdir. Germaniýada satylýan welosipedleriň 20 göterimi Kambojadan import edilýär. Ýurtda “Elbradweg” welosiped ýodasy Çeh Respublikasynyň serhedine golaý bolan Bad- Şandaudan başlap, Kukshafene çenli aralykda bolup, uzynlygy 860 kilometre ýetýär. Esasan, Berlinde welosipediň ulanylyşyny artdyrmak maksady bilen ýörite ýodalar gurulýar.

Ýene degişli makalalar

Siwas Kotledi
Ispaniýadaky Tokaý Ýangynlary Dowam Edýär
Hatibzadeh: Hirmand derýasyndan Eýranyň suw paýyny almaklygy kanuny kanallar arkally yzarlap durandyrys
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-niň...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
ПРЕЗИДЕНТ ГУРБАНГУЛЫ БЕРДЫМУХАМЕДОВ ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В САММИТЕ ШАНХАЙСКОЙ ОРГАНИЗАЦИИ СОТРУДНИЧЕСТВА