Ispaniýadaky Tokaý Ýangynlary Dowam Edýär

Ispaniýadaky Tokaý Ýangynlary Dowam Edýär

Ispaniýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän Aragon sebitinde tokaý ýangynlary sebäpli 1300 adamyň başga ýere göçürlendigi habar berildi.

Ýerli ýolbaşçylar tarapyndan berlen beýannamada, Zaragoza degişli Anon de Monkaýo etrabynda 13-nji awgustda başlan tokaý ýangynlarynyň dowam edýändigi ýatladyldy.

Ýangyn sebäpli 8 etrapçadan 1300 adamyň howpsyz ýere göçürlendigi nygtaldy.

Ýangynyň 8 müň gekdarlyk meýdana ýaramaz täsirini ýetirendigi, 4 ýoluň gatnawa ýapylandygy, ýangyn söndüriş işleriniň esgerler bilen birlikde 300 adamyň gatnaşmagynda dowam edýändigi bellenildi.

Tokaý ýangynlary sebäpli Ispaniýada täze ýyldan bäri bolan 7 müňden gowrak ýangynda 240 müň gekdarlyk meýdan ýandy.

Ýene degişli makalalar

Siwas Kotledi
Dünýäde iň köp welosiped sürülýän ýurtlar haýsylar?
Hatibzadeh: Hirmand derýasyndan Eýranyň suw paýyny almaklygy kanuny kanallar arkally yzarlap durandyrys
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-niň...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ŞHG-niň sammitine gatnaşdy
ПРЕЗИДЕНТ ГУРБАНГУЛЫ БЕРДЫМУХАМЕДОВ ПРИНЯЛ УЧАСТИЕ В САММИТЕ ШАНХАЙСКОЙ ОРГАНИЗАЦИИ СОТРУДНИЧЕСТВА