Dünýäniň birinji raketkasy Iga Swýontek US Open-iň ýeňijisi boldy

Dünýäniň birinji raketkasy Iga Swýontek US Open-iň ýeňijisi boldy

Polşaly zenan türgen Iga Swýontek tennis boýunça ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň ýeňijisi boldy. Final oýnunda ol Tunisiň wekili Ons Žaberi utdy. Duşuşyk 6:2, 7:6 (7:5) hasabynda tamamlandy. Bu barada www.mk.ru belleýär.

Swýontek dünýäniň birinji raketkasydyr.Ol karýerasynda üçünji gezek “Uly tuwulga” ýaryşynyň ýeňijisi boldy.Mundan öň ol 2020-nji we 2022-nji ýyllarda Fransiýanyň Açyk çempionatynyň finalynda ýeňiş gazandy.

Belläp geçsek, alty ýylyň dowamynda ilkinji gezek şol bir türgen möwsümde iki gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ýeňiji bolmagy başardy.Soňky gezek şeýle netijäni 2016-njy ýylda germaniýaly Angelik Kerber gazanypdy.

Swýontege XXI asyrda iň dowamly ýeňiş tapgyry degişli bassyr 37 oýun.Türgen şu ýylyň aprel aýyndan bäri Zenanlaryň tennis assosiasiýasynyň reýtinginde birinji orny eýeleýär.Tennisçi WTA-nyň birinji setirine çykan Polşanyň ilkinji wekili boldy.

Ýene degişli makalalar

Germaniýa Ykdysady Garaşlylyk Gatnaşygyny Hytaý Bilen Gaýtalamaly Däl
Sportuň taryhynda bu hepde
“Indian Wells Masters”-iň täze ussatlary
Ýylyň türgenleri saýlandy
Ýylyň türgenleri saýlandy
TENNIS TÄZELIKLERI