Dünýäniň birinji raketkasy Jokowiç fewraldan bäri birinji ýaryşynda utuldy

Dünýäniň birinji raketkasy Jokowiç fewraldan bäri birinji ýaryşynda utuldy

Dünýäniň birinji raketkasy, serbiýaly Nowak Jokowiç Monto-Karloda geçen Masters seriýasynyň turniriniň ikinji aýlawynda utuldy. Turniriň göni ikinji aýlawyndan başlan serbiýaly türgen ispaniýaly Alehandro Dawidowiç-Fokinaden 3;6, 7;6 (7;5), 1;6 hasap bilen utuldy. Dawidowiç-Fokina dünýä reýtinginde 46-njy ýerde durýar, Dawid Goffen (Belgiýa) — Daniel Ewans (Beýik Britaniýa) oýnuň ýeňijisi onuň indiki bäsdeşi bolar.

Jokowiç bu möwsümde diňe ikinji turnire gatnaşdy.Soňky gezek ol korta 24-nji fewralda çykypdy, şonda Dubaýda geçen çärýek finalda 4;6, 6;7 (4;7) hasap bilen çeh Irži Wesýolydan ýeňlipdi.

Möwsümiň başynda serbiýaly türgen Uly tuwalganyň — Australian Open-niň birinji turnirini sypdyrypdy.Awstraliýanyň hökümeti kowide garşy çäreleriň düzgünlerini bozany üçin onuň wizasyny ýatyryp, ýurtdan deport edipdi.Ol Indian-Uellsde we Maýamide geçen Masters seriýasynyň mart turnirlerinde-de çykyş edip bilmändi.

Ýene degişli makalalar

Kristiano Ronaldonyň täze kluby belli boldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi, Arkadag şäherinde durmuş toýy tutuldy, türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyndan Watanlaryna dolandylar we beýleki habarlar
Dünýäniň birinji raketkasy Alkaras Astanada ýaryşyň birinji aýlawyndan gaýtdy
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Meksikada Diego Maradonanyň hormatyna ybadathana açyldy
ABŞ wenesuelaly bosgunlary gorag astyna aldy