Russiýanyň rubly ABŞ-nyň dollaryna bolan gatnaşykda hümmetini berkiden pullaryň arasyndan orun aldy diýip, “RIA Nowosti” habar berdi.
Ýagny rus puly bir ýylda amerikan puluna gatnaşykda 2,48 göterim ösüş gazandy. Dollara gatnaşykda iň berkän pul kolumbiýa pesosy boldy, ol 33,89 göterim ösüş görkezdi.
Ilkinji bäşlige şeýle hem gazak teňňesi (+14,44%), wenger forinti (+11,24%), ysraýyl şekeli (+10,63%) we brazil rialy (+10,16%) girdi. Türk lirasy dollara gatnaşykda hümmetini iň köp ýitiren pullaryň arasynda ýerleşdi 14,54%. Argentin pesosynyň hem hümmeti 11,35% peselipdir.
Şeýle hem dollara gatnaşykda arzanlan pullaryň hatarynda indoneziýa rupiýasy (-9,84%), şri-lanka rupiýasy (-9,82%) we nepal rupiýasy (-8,11%) bar.
