Dünýäniň iň çalt ösýän yklymy

ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris Marokkoda geçirilen 14-nji ABŞ-Afrika işewürlik sammitinde eden wideo çykyşynda dünýäniň iň çalt ösýän yklymy bolan Afrikanyň ösüş mümkinçiliklerine aýratyn baha berdi.

Kamala Harris yklymyň günsaýyn ösüp, azyk, saglygy goraýyş, bilim, tehnologiýa we infrastruktura bolan islegiň barha artýandygyny aýtdy.Maýa goýumlaryna elýeterliligiň çäkli bolmagy, pandemiýadan soňky dikeldiş işleri, howa meselesi we azyk howpsuzlygy ýaly päsgelçilikleriň yklym üçin hakyky kynçylyklary döredýändigini bellenildi.Kamala Harris yklym bilen baglanyşykly bu meseleleriň ählisini çözmek maksady bilen öz administrasiýasynyň ygrarlydygyny, Afrika Bileleşigi boýunça maksatnamalaryň 2063-nji ýyla çenli döwürde durmuşa geçiriljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ABŞ geçen ýylyň oktýabr aýynda Afrika yklymynyň ykdysadyýetini durnukly ilerletmek, maýa goýum akymlaryny artdyrmak, tutuş yklymda telekeçilik we innowasiýa ruhuny ösdürmek maksady bilen 7 milliard dollardan gowrak ynsanperwer we azyk howpsuzlygy kömegini bermegi öz üstüne aldy.

Hanym Harris azyk howpsuzlygy meselesine degip geçip, ABŞ-nyň bu yklyma azyk eksportyny gyssagly ýokarlandyrmagy maksat edinýändigini belledi.Wise-prezident şu ýylyň 13-15-nji dekabry aralygynda Waşingtonda ABŞ-nyň we onlarça Afrika ýurdunyň gatnaşmagynda sammitiň geçiriljekdigini mälim edip, onuň barşynda azyk howpsuzlygyndan başlap, howanyň üýtgemegine çenli birnäçe meseleleriň tutuş toplumynyň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny habar berdi.Häzirki sammit ABŞ, Marokko we Afrikanyň arasynda geljege gönükdirilen üçtaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilik döredip, Marokkonyň strategik ornuny has-da berkider.

Marokko ykdysady hyzmatdaş hökmünde ABŞ bilen erkin söwda şertnamasyny baglaşan ýeke-täk Afrika döwletidir.Muhammet VI howandarlygynda guralan ABŞ-Afrika işewür sammiti Marrakeş şäherinde 1000-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçirildi.

Sammitiň dowamynda döwlet we hususy pudaklaryň ABŞ bilen Afrika ýurtlarynyň arasyndaky söwda, ykdysady we maýa goýum gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky gatnaşygy, strategik taýdan möhüm ugurlaryň geljegi, şol sanda, oba hojalygy, infrastruktura, energiýa, howanyň üýtgemegi, saglygy goraýyş, kiberhowpsuzlyk we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Harris: "Russiýa Ukrainada adamzat jenaýatyny edýär" diýdi
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Kamala Karris Afrika Ýurtlarynda Saparda Bolar
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Ilkinji Afrika Saparyny Gana, Tanzaniýa we Zambiýa Guraýar
ABŞ, Ysraýyla Goldaw Bermäge Dowam Eder
Ursula fon der Lýaýen, “Forbes”-iň täsirli zenanlarynyň sanawynda birinji orunda durýar
Demokratlar ABŞ-nyň Senatynyň gözegçiligini saklarlar
Ýewraziýa Döwletleriniň Gün Tertbindaki Wakalar