Harris: "Russiýa Ukrainada adamzat jenaýatyny edýär" diýdi

Harris: "Russiýa Ukrainada adamzat jenaýatyny edýär" diýdi

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Kamala Harris, Germaniýada geçirilen 59-njy Mýunhen Howpsuzlyk konferensiýasynda eden çykyşynda: "ABŞ Russiýanyň Ukrainada adamzat jenaýatyny edendigini resmi ýagdaýda kesgitledi" diýip mälim etdi.

Waşingtonyň Russiýanyň ady agzalan adamzat jenaýaty bile bagly derňew işinde Ukraina kömek berjekdigini aýdan Harris, jogapkärlerden we şol jenaýatlary etmek barada buýruk beren degişli adamlardan hasap soraljakdygyny aýan etdi.

Harris: "Ählimiz bu nokatda bir pikirde bolmalydyrys, anyklanan we anyklanmadyk ähli ýogalan adamlar üçin adalat berjaý edilmelidir" diýip nygtady.

Russiýanyň Ukrainadaky asuda ilata garşy edýän umumy jenaýatlardan jogapkärdigini aýdan Harris, şol edilenleriň jenaýatdan, zorlamakdan, gynamakdan we mejbury deportasiýa etmekden ybaratdygyny belledi.

Harris ABŞ-nyň Ukraina berýän goldawynyň zerur boldugy saýyn dowam etdirjekdigini habar berdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ, Ysraýyla Goldaw Bermäge Dowam Eder
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Kamala Karris Afrika Ýurtlarynda Saparda Bolar
ABŞ-nyň Wise-prezidenti Ilkinji Afrika Saparyny Gana, Tanzaniýa we Zambiýa Guraýar
Ursula fon der Lýaýen, “Forbes”-iň täsirli zenanlarynyň sanawynda birinji orunda durýar
Singapurda orhideýa gülüne Olaf Şolsuň ady dakyldy
Newadadaky ýeňiş demokratlara Senata gözegçilik etmäge mümkinçilik berdi