Singapurda orhideýa gülüne Olaf Şolsuň ady dakyldy

Singapurda orhideýa gülüne Olaf Şolsuň ady dakyldy

Singapurda orhideýa gülüniň täze sortuna (tropik ösümligi we onuň açyk reňkli güli) GFR-niň kansleri Olaf Şolsuň ady dakyldy, bu barada nemes syýasatçysynyň ýurduň premýer-ministri Li Sýanlun bilen duşuşygy wagtynda resmi habar berildi diýip, RIA Nowosti habarlar gullugyna salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Surat: saarbruecker-zeitung.de

Singapurda iş saparynda bolan Şols däbe görä gülüň täze sortunyň ösýän ýerinde öz ady ýazylan tagtajygy dikdi.

Men ösümligiň hormatyma atlandyrylmagy üçin syýasatçy bolmandym, emma bu meniň üçin uly hormatdyr diýip, nemes kansleri belledi.

Öň hem orhideýa gülüniň täze sortlarynyň birine Ermenistanyň hökümet başlygy Nikol Paşinýanyň we onuň ýanýoldaşy Anna Akopýanyň hormatyna at dakylypdy, 2021-nji ýylda bolsa gülüň ýene bir täze sortuna ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harrisiň ady dakyldy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Ilkinji Afrika Saparyny Gana, Tanzaniýa we Zambiýa Guraýar
ABŞ, Ysraýyla Goldaw Bermäge Dowam Eder
Demokratlar ABŞ-nyň Senatynyň gözegçiligini saklarlar
Ýaponiýa öňki Premýer-ministr Sindzo Abe bilen hoşlaşdy
Wekiller palatasyna gözegçilik ederler
Dünýäniň iň çalt ösýän yklymy