Dünýäniň iň garry pişigi

Beýik Britaniýada Rozi atly pişik 32 ýaşyny belledi. Indi bu öý haýwanynyň dünýäniň iň garry pişigi hökmünde ykrar edilmegine garaşylýar. Bu barada “Fox News” neşiri ýazýar. Pişigiň eýesi norfolkly 72 ýaşly Lila Brissetiň sözlerine görä, ol bu pişigi 1991-nji ýylda edinipdir. Rozi ömründe diňe iki gezek mal lukmanyna baryp gören eken.

Golaýda Lila Brissete pişiginiň dünýäniň iň garry pişigi hökmünde resmi taýdan ykrar edilmegi üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna ýüz tutdy. Häzirki wagtda bu dereje 27 ýaşly Flossy atly pişige degişlidir. Iň uzak ýaşan pişik, Tehas ştatynyň Ostin şäherinden bolan Krem Puff bolup, 2005-nji ýylyň 6-njy awgustynda 38 ýaşynda aradan çykdy.

Ýene degişli makalalar

Çempionyň 50-nji ýeňşi
Mask “Tesla Cybertruck”-yň iň soňky nusgasyny görkezdi
Mask Tehasda öz şäherini gurmakçy
Şumaher, Fanhio, Wettel, Hamilton dagynyň hataryna goşuldy
Mask “Tesla”-nyň baş direktory wezipesine mümkin bolan oruntutaryny saýlady
Pikiri okaýan emeli aň