Dünýäniň iň gowy şäherleri

“Time Out” žurnaly dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawyny ýaýratdy.Bu sanaw her ýylda okyjylara hödürlenen sowalnamanyň netijesinde taýýarlanýar.Sowala jogap berenler restoranlary, galereýalary, durnuklylygy, jemgyýetçilik ulag gatnawyny we sungat çärelerini göz öňünde tutupdyrlar.

Täze sanawda Şotlandiýanyň paýtagty Edinburg öňdeligi eýeleýär. Şäher Beýik Britaniýada Londondan soňra iň köp syýahatçy kabul edýän ikinji şäher hasaplanýar. Şäher taryhy galalary, dynç alyş-güýmenje merkezleri, seýilgähleri bilen daşary ýurtlulary özüne çekýär.

Sanawyň ikinji ornuny ABŞ-nyň Çikago şäheri eýeläpdir.Nýu-Ýorkdan we Los-Anjelesden soňra ýurduň iň köp ilatly üçünji şäheri bolan Çikago Miçigan kölüniň kenarynda ýerleşýär.Arassa howasy, tebigy şertleri ýaşamak üçin amatly mümkinçiligi hödürleýär.

Beýik binalaryň köplügi bilen tanalýan şäherde dynç almak üçin merkezler sanardan köp.Kolumbiýanyň Medelin şäheri ilkinji üçlükde özüne orun tapypdyr.Ululygy boýunça ýurduň ikinji şäheri bolan Medelin “senagat paýtagty” hem diýlip atlandyrylýar. Şeýle hem bu şäher “Baky baharyň şäheri”, “Daglaryň paýtagty”, “Güller şäheri”, “Orhideýa paýtagty”, “Owadan oba”, “Kümüş kubok” atlary bilen hem tanalýar.

XVII asyrda esaslandyrylan şäherde ýokary okuw mekdepleri, akademiýalar, saglygy goraýyş edaralary, taryhy binalar köp bolup, senagat, ylym-bilim, gül ösdürip ýetişdirmek we dürli festiwallaryň geçirilmegi bilen meşhurlyk gazanypdyr.

Şotlandiýanyň paýtagty Glazgo dördünji, Niderlandlaryň paýtagty Amsterdam bäşinji bolupdyr. Şeýle hem sanawda Praga (Çeh Respublikasy), Marrakeş (Marokka), Berlin (Germaniýa), Montreal (Kanada) we Kopengagen (Danimarka) sanawyň ilkinji onlugyny emele getiripdir.

Global derejede ýaýradylýan “Time Out” žurnalyna “Time Out Group” eýeçilik edýär.Ilkinji nusgasy 1968-nji ýylda London üçin çap edilip başlanan žurnal häzirki wagtda dünýäniň 58 ýurdunyň 328 şäherine ýaýradylýar.

Hepdelik, aýlyk we çärýeklik nusgalary bolan žurnalyň 7,4 million abunaçysy bar.

Ýene degişli makalalar

Emeli aň giňden ýaýraýar
Alymlar: Çagalaryň ene-atalaryna meňzeşdigi baradaky gürrüň dogry däl
Adaty ululykdaky sürüjisiz awtobus synagdan geçirilýär
Rekord bahadan satyldy
Edinburgyň gymmat festiwaly 75 ýyllygyny belleýär
Çagalykda saz öwrenmek beýnini güýçlendirýär