Adaty ululykdaky sürüjisiz awtobus synagdan geçirilýär

“CAVForth” atly maksatnamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanan adaty ululykdaky sürüjisiz awtobus Şotlandiýada synagdan geçirilip başlandy.Bu ulag adaty ýolda iki hepde barlanyp görler. 22 kilometrlik aralykda geçiriljek synag oňyn netije berse, tomus aýlarynyň ahyrynda gatnawa başlar.

Bu taslama “Stagecoach”, “Alexander Dennis Ltd” şereketleri Şotlandiýanyň ulag agentligi, Edinburg Napiýer uniwersiteti we “Bristol Robotics” laboratoriýasy tarapyndan taýýarlandy.Awtobusy “Fusion Processing” şereketi öndürdi. 36 orunlyk awtobus hepdede 10 müňden gowrak ýolagça hyzmat eder. Şereketiň ýolbaşçysy Jim Hatçinson awtobuslaryň 4-nji derejeli awtomatlaşdyrylan ulgam bilen hereket edýändigini belleýär.

Ilkinji nobatdabäş sany awtoulag öndürilipdir.Mundan ozal has kiçi görnüşli sürüjisiz awtobuslar synagdan geçirilen hem bolsa, şeýle uly awtobus ilkinji gezek synag edilýär.

Ýene degişli makalalar

9 golly duşuşyk
Emeli aň tehnologiýaly kompýuter
Gülgüne älemgoşar
Kubok ýaryşlary
Serhio Pitol
Howanyň hapalanmagyna garşy göreş