Emeli aň tehnologiýaly kompýuter

Beýik Britaniýada emeli aň tehnologiýaly super kompýuter işlenip düzüler.Bu taslama üçin 273 million dollar maýa goýum özleşdiriler. “Isambard-AI” atly kompýuteriň iň güýçli kompýuterden hem 10 esse güýçli boljakdygy bellenilýär.

Kompýutere müňlerde NVIDIA super çipi oturdylar.Super kompýuter sekuntda 200 katrilliondan gowrak amaly ýerine ýetirip biler. “Isambard-AI” atly enjamyň 2024-nji ýylyň tomus aýynda işe girizilmegine garaşylýar.

Superkompýuter Bristol uniwersitetiniň hünärmenleri tarapyndan ulanylar.

Mikroprosessorlary öndürmek bilen meşgullanýan NVIDIA kompaniýasynyň bellemegine görä, kompýuter “Hewlett Packard Enterprise” kompaniýasy tarapyndan öndürilýär. Uly göwrümli maşynda NVIDIA-nyň “GH200 Grace Hopper” atly super çiplerinden 5 müň 448 sanysy oturdylar.

Bristol uniwersitetiniň hünärmenleri bolsa, täze kompýuteriň Angliýanyň iň güýçli kompýuterinden 10 esse güýçli bolar. Super kompýuter ýokary okuw mekdebiniň Milli Kompozit Merkezinde ýerleşdiriler.

Bu barada emeli aň tehnologiýasyna bagyşlanan Birleşen Patyşalyk Emeli aň sammitinde bellenilip geçildi.

“Isambard-AI”-nyň has güýçlendirilmegi üçin ýurduň beýleki superkompýuterleri bilen hem birikdiriler.

Serdarmuhammet Hanmuhammedow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Gülgüne älemgoşar
Kubok ýaryşlary
Serhio Pitol
Howanyň hapalanmagyna garşy göreş
Dünýä habarlary gysga setirlerde
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ýewropa futboly göni ýaýlymda görkezilýär