Serhio Pitol

Meksikan ýazyjysy, terjimeçisi, diplomaty Serhio Pitol Demenegi, 12-nji aprelde Halapa şäherindäki öýünde 85 ýaşynyň içinde aradan çykdy.Ol “Söýgi ýörişi” we “Gül oýny” ýaly romanlaryň awtorydyr.

Serhio Pitol 1933-nji ýylyň 18-nji martynda meksikan ştaty Pueblanyň Puebla-de-Saragosa şäherinde dünýä inýär.Bäş ýaşyndaka kakasyny, ejesini we uýasyny ýitirýär.Ol meksikan Milli awtonom uniwersitetini tamamlaýar we şol ýerde mugallymçylyk edýär, soňra bolsa, Werakrusa we Bristol uniwersitetlerinde işleýär. 1960-njy ýyldan başlap, Pariž, Warşawa, Budapeşt, Moskwa we Praga şäherlerindäki Meksikanyň ilçihanalarynyň medeniýet bölümlerinde işleýär. Şeýle hem Rimde, Pekinde we Barselonada işleýär.

Ol 1969-njy ýyldan 1972-nji ýyla çenli Katoloniýada “Seix Barral”, “Tusquets”, “Anagrama” ýaly dürli neşirýatlarda terjimeçilik edýär.Ol ýüzden gowrak daşary ýurtly awtorlaryň eserlerini ispan diline geçirýär.Serhio Pitol 1981-nji ýylda “Buhar mukamy” hekaýasy üçin ilkinji gezek edebiýat baýragy — “Hawýer Wilýaurrutiýa” baýragy bilen sylaglanýar. 1984-nji ýylda “Söýgi ýörişi” romany üçin oňa “Erralde” baýragy gowşurylýar. Ýazyjy 1999-njy ýylda “Huan Rulfo” baýragy bilen sylaglanýar, 2005-nji ýylda ol ispan dilli edebiýatda has abraýly baýraklaryň biri “Migel de Serwantes” baýragyna mynasyp bolýar.

Ýene degişli makalalar

Umumy fortepiano kafedrasynyň hepdeliginiň açylyş dabarasy
Aşgabatdaky Erich Krause kompaniýasy okuw ýyly üçin täze mekdep önümleriniň gelendigini habar berýär
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn
Daşary ýurt metbugatyna syn