9 golly duşuşyk

Angliýanyň FA Kubogy ýaryşynyň 1/8 finalynda taryhy netije hasaba alyndy. 9 goluň geçirilen oýnunda “Ewerton” goşmaça wagtda “Tottenhamy” 5-4 hasabynda ýeňdi.Ilkinji bolup hasaby myhmanlar açsa-da, toparlar arakesme “Ewertonyň” 3-2-lik üstünligi bilen çykdylar. 57-nji minutda “Tottenham” 1-nji goluň awtorynyň tapawutlanmagynda hasaby deňlese-de, 10 minutdan soň myhmanlar Rişarlisonyň goly bilen ýene-de öňe saýlandy.

Esasy wagtyň tamamlanmagyna 7 minut galanda-da, Keýn hasaby deňlemegi başardy.Goşmaça wagtda-da, has takygy, 97-nji minutda Bernard oýna soňky nokady goýdy.Bu ýeňişden soň “Ewerton” çärýek finala adyny ýazdyrdy.

MOURINIO ILKINJI GEZEK

Harri Keýn 318-nji duşuşygynda 209-njy goluny geçirip, “Tottenhamyň” Jimmi Grawesden (379 oýun 266 gol) soň iň netijeli 2-nji futbolçysy boldy. Şeýle-de “Tottenhamyň” tälimçisi Žoze Mourinio 981 oýunlyk tälimçilik karýerasynda ilkinji ýola bir duşuşykda 4 gol geçirip, 4 gol geçirtdi. “Ewerton” Mourinionyň tälim berýän klublaryna bir oýunda 5 gol geçiren 3-nji topar boldy.

Mourinionyň toparlary 2010-njy ýylda “Real Madrid” “Barselona”, 2014-nji ýylda-da “Çelsi” “Tottenhama” 5 gol geçirdipdi

“LESTER” SOŇKY MINUTDA

“Lester Siti” hem öz meýdançasynda “Braýtony” Iheanaçonyň 90+4-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda utdy. Edil şeýle netije “Şeffild Ýunaýted” bilen “Bristol Sitiniň” arasyndaky oýunda-da ýer eýelerine peýdasynda hasaba alyndy.

FA Kubogynda 1/8 finalda oýnalan duşuşyklaryň netijeleri:

Ewerton Tottenham: 54 /Kalwert-Lewin 36, Rişarlison 38, 68, Sigurdsson 43 p, Bernard 97 D. Sançes 3, 57, Lamela 45+3, Keýn 83/

Lester Siti Braýton: 10 /Iheanaço 90+4)

Şeffild Ýunaýted Bristol Siti: 10 /Şarp 66 p/

Mançester Ýunaýted West Ham: 10 /MakTomineý 97/

Býornli Bornmut: 02 /Surrij 21, Stanislas 88 p/

The post 9 golly duşuşyk appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

FA Kubogynyň 1/16 finalynda iki läheň duşuşar
“Çelsi”, “Arsenal”, “Tottenham”, “West Ham”… Londonyň klublary ýaryşdan çykdy
“Roma” “Çelsiniň” ýaş ýyldyzyny transfer etdi
“Liwerpul” 1 ýyldan bäri ýeňilmän gelýär
“Tottenham” 1-nji orunda, “M. Siti” toparyndaky pese gaçyşlyk dowam edýär Angliýanyň 9-njy tapgyry
“Liwerpul” ýeňlişsiz dowam edýär