Dünýäniň iň gymmat brendleri

“Interbrand” dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawyny mälim etdi.Sanawa jemi 100 brend girizilip, “Apple” uly tapawut bilen öňdeligi eýeledi.Her ýylda “Dünýäniň iň gymmatly global brendleri” ady bilen sanaw taýýarlaýan “Interbrand” kompaniýalaryň bazar nyrhyna baha berýär.

Sanawda “Apple” brendiniň nyrhynyň 482 milliard dollardygy mälim edildi.Ilkinji orundaky “Microsoft”-yň bazar nyrhynyň 278 milliard dollardygy bellenilýär.Iň gymmatly brendleriň ilkinji ýigrimiliginiň sanawyna awtoulag, tehnologiýa, bölek söwda, güýmenje, jemgyýetçilik iýmiti, içimlik önümçiligi, dokma senagaty we moda, halkara ýük gatnawy ýaly ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalar girdi. Üçünji orny, esasan, bölek söwda pudagynda iş alyp ýarýan “Amazon” kompaniýasy eýeledi.

Bu kompaniýanyň bazar nyrhy 274 milliard dollardan geçýär. “Google” (251,751 milliard dollar), “Samsung” (87,689 milliard dollar) ilkinji bäşlige giripdir. “Toyota” (59,757 milliard dollar), “Coca-Cola” (57,535 milliard dollar), “Mercedes-Benz” (56,103 milliard dollar), “Disney” (50,325 milliard dollar) we “Nike” (50,289 milliard dollar) ilkinji onluga giripdir.

Mekan Akmädow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň gymmat kompaniýalarynyň 100-si belli edildi
Nike we Adidas sport balaklardaky çyzyklar üçin kazyýete ýüz tutdular
Ahal futbol topary ilkinji gezek eFootball oýnuna girizildi
Halkara guramalary Türkmenistanyň pagta pudagyndaky mejbury zähmete garşy webinar geçirdi
Adidas Nike şereketini patentleriň düzgünini bozmakda aýyplap, kazyýete berdi
Golfçy Taýger Wuds taryhda üçünji milliarder türgen boldy