Dünýäniň iň gymmat futbolçylary aýdyldy

Dünýäniň iň gymmat futbolçylary aýdyldy

Pari Sen-Žermeniň (PSŽ) we Fransiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe dünýäde iň gymmat futbolçy boldy diýip, CIES Football Observatory barlag merkezi mälim etdi.Seljerijiler oňa 250,6 mln ýewrolyk futbolçy diýip baha berdiler. Şonuň ýaly-da, öňdelikçileriň üçlügine Realdan braziliýaly hüjümçi Winisius Žunior (185,3 mln ýewro) we Mançester Sitiniň täze alan futbolçysy — Norwegiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Erling Holand (152,6 mln ýewro) dagy düşdüler.

Sanawdaky ýene bir iň gymmat goragçy — Mançester Sitiniň oýunçysy Ruben Diaşdyr, onuň bahasy 109,6 mln ýewro.Barselonadaky Pedri iň gymmat ýarym goragçy boldy (135,1 mln ýewro), PSŽ-daky Janluiji Donnarumma bolsa iň gymmat derwezebanlaryň sanawynyň başyny çekdi (73,7 mln ýewro).

Sanawyň birinji ýüzlüginde Angliýanyň premýer-ligasynyň wekilleri agdyklyk edýär (41). 23 ýaşly Mbappe PSŽ-e 2017-nji ýylda geldi. Şondan bäri ol dört gezek Fransiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy, üç gezek Fransiýanyň kubogyny aldy, Fransuz ligasynyň kubogynyň we Fransiýanyň Superkubogynyň hersini iki gezekden gazandy.

Ol öňki oýnan toparynda — Monakoda hem ýurduň çempiony bolupdy.Türgen Fransiýanyň ýygyndysynyň düzümindekä 2018-nji ýylda Russiýada geçen dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp bolupdy.

Ýene degişli makalalar

“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
Dünýäniň iň gymmat futbolçylary
Goal-a görä, Messi Alty pökgä iň ýakyn futbolçy
Ýewropanyň iň gymmat futbolçylarynyň reýtingi düzüldi
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Katar 2022 Dünýä Kubogynyň iň owadan goly saýlandy