Howanyň hiliniň reýtingini düzýän www.iqair.com saýtynyň ýazmagyna görä, dünýäde iň hapa howaly şäherleriň sanawynyň başyny Bişkek çekdi diýip, Inform.kzм ýazýar.
Saýtyň maglumatlaryna laýyklykda, Bişkekde howanyň hapalanmagynyň derejesi 306 AQI (howanyň hiliniň indeksi) deňdir we bu howply diýen derejäni aňladýar.
Ikinji orny Bangladeşiň Dakka şäheri - 179 AQI, üçünji orny Deli (Hindistan) - 176 AQI eýeledi. Bu şäherlerde howanyň arassaçylyk derejesi zyýanly diýlip bahalanýar.
Ilkinji onluga şeýle-de Hindistanyň Kalkutta, Mumbaý, Pakistanyň Karaçi, Lahor, Gananyň Akkra, Yragyň Bagdat we Özbegistanyň Daşkent şäherleri girdi.
Ekologlaryň pikiriçe, şäherleriň howasynyň hapalanmagyna köp gatly binalaryň kän gurulmagy sebäp bolýar, olar dag tarapdan gelýän howa akymlarynyň öňüni bökdeýärler, şeýle-de munuň ýene bir sebäbi ilatyň öýlerini gyşyna kömür bilen ýylatmagydyr.