Dünýäniň iň uly suw liliýasy tapyldy  

San Andres (Boliwiýa) uniwersitetiniň botanikleri iňlis we amerikan kärdeşleri bilen ýakyn hyzmatdaşlykda suw liliýasynyň täze görnüşini – ägirt uly suw liliýasyny ýüze çykardylar. Alymlar bu ösümlige Ýer togalagynda ýüze çykarylan iň uly suw liliýasy hökmünde baha berdiler. Alymlar öz açyşlary barada “Frontiers in Plant Science” žurnalda çap edilen makalada mälim etdiler.

Alymlar tapylan ösümligiň aýratynlyklaryna esaslanyp, onuň “Viktoriýa” suw ösümliginden emele gelendigini öňe sürýärler. Ondan öň botanikler şuňa meňzeş “Victoria amazonica” we “Victoria cruziana” ýaly suw liliýalarynyň iki görnüşini öwrenipdiler. Täze görnüş botanikler tarapyndan soňky döwürde öwrenilen suw liliýalarynyň maşgalasynda üçünjisi boldy. Has dogrusy, Boliwiýada 177 ýyl ozal uly ak liliýanyň ýüze çykarylandygy bellenilýär.

Ösümligiň ululygyna haýran galan alymlar oňa “Victoria boliviana” diýlip at berdiler. Olar DNK arkaly ozal ylma mälim bolmadyk bu ösümligiň gelip çykyşyny anyklamagyň hötdesinden geldiler. Özünden ozalkylardan has iri bolup çykan bu ösümligiň ýapraklarynyň diametri 3,2 metre ýetýär.

Ýene degişli makalalar

Botanikler dünýäde iň uly suw liliýasyny tapdylar
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Bilelikde kosmos agentligini döretdiler
Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Don Kihotyň ilkinji neşirleriniň ikisi auksiona çykarylar
Iň köp tomaşa edilen Dünýä Kubogy