Dünýäniň Merkezi banklary oktýabrda 60 tonna altyn satyn aldylar

Dünýäniň Merkezi banklary oktýabrda 60 tonna altyn satyn aldylar

World Gold Council (WGC) guramasynyň deslapky bahalandyrmalaryna laýyklykda, dünýäniň Merkezi banklary oktýabrda öz gyzyl pul gorlaryndaky altynyň möçberlerini 60,2 tonna artdyrdylar diýip, Interfax.ru ýazýar.

Bu üstümizdäki ýylda iň rekord derejedäki aýlyk ösüşdir diýip, guramanyň seljerijisi Marissa Salim aýdýar.

Oktýabrda altyny iň köp satyn alan ýurtlar Hindistan (26,9 tonna), Türkiýe (16,6 tonna) we Polşa (7,5 tonna) boldy. Bu üç ýurda 2024-nji ýylda satyn alnan ähli altynyň 60 göterimi degişlidir.

Umuman alnanda, ösýän ýurtlaryň Merkezi banklary altynyň döwlet satyn alyşlarynda öňdäki orunlary eýelemegi dowam edýärler.

Altyn satyn alyjylaryň hatarynda şeýle-de Gazagystan (4,2 tonna), Çehiýa (2,3 tonna), Gyrgyzystan (1,6 tonna), Gana (1 tonna), Mongoliýa (0,5 tonna) we Singapur (0,3 tonna) bar diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

DÜNÝÄ HABARLARY gysga setirlerde
19.03.2020 | Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi
Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi
Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň mediýalarynyň hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
Seýitjan Mirzaýew agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda silterläp götermekde ikinji orna mynasyp boldy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Alaý ― Altyn asyr duşuşygynyň esasy düzümi