Dünýäniň ýaşamak üçin iň gymmat şäheri mälim edildi

Dünýäniň ýaşamak üçin iň gymmat şäheri mälim edildi

Britaniýanyň Economist Group kompaniýasynyň bilermenleri uly şäherlerde ýaşamagyň bahasyny kesgitlemek üçin dünýäniň 173 şäheriniň arasynda gözleg geçirdiler. “2021-nji ýylda ýaşamagyň Ýer ýüzündäki bahasy” atly neşir edilen sanawa görä, Tel Awiw şu ýylyň ýaşamak üçin iň gymmat şäheri diýlip yglan edildi.

Geçen ýyl bu iri şäher Parižden, Gonkongdan, Osakadan we Ženewadan soň ýaşaýyş üçin gymmatlygy boýunça bäşinji orunda duran bolsa,

2021-nji ýylda Tel Awiw ýaşamak üçin gymmat şäherleriň sanawynyň birinji hataryna çykdy.

Iz.ru saýtynyň habar bermegine görä, şäheriň bu ýyl sanawyň birinji ornuna çykmagy Ysraýyl şekel pul birliginiň hümmetiniň ABŞ-nyň dollaryna garşy uzak wagtlap ýokarlanmagy, azyk önümleriniň bahasynyň we jemgyýetçilik ulaglarynyň töleginiň galmagy bilen baglanyşykly. Mysal üçin, şäherdäki harytlaryň we hyzmatlaryň bahalary ýerli walýutada 2020-nji ýyldaky (1,9%) bilen deňeşdirilende, ortaça 3,5% ýokarlandy.

Ýene degişli makalalar

The Economist neşiriniň MA boýunça demokratiýa reýtingi: Türkmenistan ýene yzda, Özbegistan ýokarlandy, Gyrgyzystan Gazagystandan öňe geçdi
Merkezi Aziýanyň "ak altyny" barha arzanlaýar, daýhanlar nägilelik bildirýärler
Dünýäniň iň gymmat şäherleri
Ýylyň iň gowy ykdysadyýetleri
Ähli döwürleriň iň oňat maýadarlarynyň biri Jim Saýmons aradan çykdy
Economist neşiri ýylyň ýurduny saýlady
Iň gowy şäherler sanawy düzüldi