Durmuş üpjünçiligi pugtalandyrylýar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň 5-nji dekabrda geçirilen bilelikdäki maslahatynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

23-nji noýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda Kanunyň taslamasy babatda birnäçe anyk maslahatlary berdi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ýeten sepgitlerine we öňde goýlan täze maksatlara, wezipelere laýyklykda býujeti, onuň girdejiler we çykdajylar bölegini, düzüm aýratynlyklaryny üýtgetmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeler bolup geçdi. Halkymyz şeýle özgertmeleriň getiren eşretlerinden peýdalanyp asuda durmuşda bagtyýar ýaşaýar, agzybir zähmet çekýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda adam hakynda alada ilkinji orunda goýlup, ýurdumyzyň bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi ulgamlarynda adamlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ygtybarly durmuş goraglylygyny kepillendirmek türkmen döwletiniň öňe sürýän ugurlarynyň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli durmuş-ykdysady ösüşiniň kesgitlenen ugurlaryna laýyklykda, raýatlara girdeji almak üçin amatly şertleri döretmek, olaryň esasy çeşmelerini ýokarlandyrmak we ilatyň ýaşaýyş derejesini dünýä derejesine ýetirmek babatynda tutanýerli çäreler durmuşa geçirilýär.

Ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurtda her ýyl zähmet hakynyň, talyp haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň möçberi ýokarlandyrylýar, köp sanly durmuş ýeňillikleri, maddy goldawlar berilýär, ýaşaýyş-durmuş şertlerini, saglygy goraýyş hyzmatlaryny gowulandyrmak boýunça çäreler kabul edilýär.

Döwlet hemişe ilatyň durmuş taýdan goldamaklyga mätäç gatlaklary üçin berilýän kömekleriň görnüşlerini we gerimini giňeldip gelýär.

Durmuş taýdan üpjünçiligiň ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek, ony bazar gatnaşyklarynyň ösýän şertlerine uýgunlaşdyrmak döwlet syýasatynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Muňa hereket edýän pensiýa ulgamyny özgertmek boýunça alnyp barylýan işler mysal bolup biler.

Pensiýa ulgamyny özgertmegiň esasy maksady döwletiň, iş berijiniň we işgärleriň arasyndaky jogapkärçiligi paýlamak bilen durmuş babatda adalatly pensiýa üpjünçiligi ulgamynyň maliýe durnuklylygyny we ykdysady netijeliligini emele getirmek bolup durýar.

Ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga zähmet, zähmeti goramak, iş bilen üpjünçilik meseleleriniň oňyn çözülmegi hem uly täsir edýär. Şeýle bolansoň ýurdumyzda bu ugra hem uly üns berlip gelinýär.

Raýatlarymyzyň durmuş taýdan goralmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Döwletmyrat Muhammedow,

Ymamguly Rejepow,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Pensiýa gaznasynyň işi kämilleşdirilýär
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen talyplary Moskwada geçirilen halkara matematika olimpiadasynda 6 altyn, 10 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldular
Döwletmyrat Orazberdiýew Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşyň iň gowy teswirleýjisi boldy
Türkmenistanyň Tbilisidäki ilçisi Gruziýanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy
Türkmen dizaýnerleri Pyragy atly täze şrift döretdiler