Türkmen dizaýnerleri Pyragy atly täze şrift döretdiler

Türkmen dizaýnerleri Pyragy atly täze şrift döretdiler

Aşgabatdaky Belli Creative dizaýn studiýasy täze şrift döretdi. Pyragy diýlip atlandyrylan bu ýazuw şekili golaýda ulanyşa çykadyldy. Bu barada Biznes reklama gazetiniň şu günki sanynda ýörite taýýarlanan söhbetdeşlikde habar berilýär.

Täze şrift barada Belli Creative studiýasynyň hünärmeni Döwletmyrat Babaýew şeýle gürrüň berýär: Täze döreden Pyragy şriftimiz biziň bu ugurdaky üçünji işimiz. Mundan ozal Aşgabat2017, Garagum taýp feýslerini işläp taýýarlapdyk.

Biz bu täze taslamanyň üsti bilen, Magtymguly Pyragynyň adyny sanly giňişlikde hem has giňden tanatmak isledik.

Pyragy şrifti hem edil Garagum ýaly displeý görnüşli şrift bolup durýar. Ýagny ony adaty ýazgylarda däl-de, sözbaşylarda we beýleki aýratyn ýazgylarda ulanyp bolar. Ýöne Garagumdan tapawutly tarapy bu şrift häsiýeti boýunça çeper manyly ýazgylara niýetlenilen. Şonuň üçin hem ony edebiýat, kino, saz, sungat bilen bagly ýazgylaryň sözbaşylarynda, teatrlaryň afişalarynda, ugurdaş mahabatlarda ulanmak has ýerlikli bolar.

Ýeri gelende bellesek, Pyragy şrifti häzirki wagtda myfonts.com web saýtynda ýerleşdirildi. Islendik ulanyjy şol saýtdan ýükläp alyp, täze şrifti öz kompýuterine gurnap biler. Ony ýükläp almagyň bahasy 9 amerikan dollaryna barabar.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa sapar edýär
“Owadan Bedew” “Elit” haryt nyşany bilen täze önümçilige başlady
Taryhdan taryply türkmen bedewi
2023-nji ýylda türkmen telekeçileri oba hojalyk önümleriniň eskportyndan 135 million dollar girdeji gazandylar
TDU-da žurnalistika hünäriniň uçurymlarynyň talyplar bilen duşuşygy boldy
Türkmenistanda dürli ölçegli “NowaEco” ofis kagyzlary öndürilip başlandy
“Owadan Ülke” saryýag we şokolad pastasyny tanyşdyrdy