Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa sapar edýär

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa sapar edýär

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "Bir guşak, bir ýol" halkara hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaýa iş saparyna bardy.

Saparyň çäginde ol "Bir guşak, bir ýol" maslahatynyň üçünji mejlisine gatnaşar we Hytaý halk respublikasynyň başlygy Si Szinpin bilen duşuşar diýip, TDH habar berýär.

"Bir guşak, bir ýol" maslahaty Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň 60-dan gowrak ýurduny birleşdirýän täze söwda-transport geçelgelerini döretmek, häzirki hereket edýän geleçelgeleri kämilleşdirmek boýunça Hytaý tarapyndan başlanan halkara başlangyç bolup, resmi habarda aýdylmagyna görä, bu ýurtlaryň Hytaý bilen aradaky söwda gatnaşyklarynyň ösmegine ýardam berer.

Mundan öň türkmen metbugaty Aşgabatdan Pekinde baran ýokary derejeli wekiliýetiň duşenbe güni Hytaýyň wise-premýeri, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşandygyny habar berdi.

Türkmen wekiliýetiniň hatarynda Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasarlary Hojamyrat Geldimyradow, Raşid Meredow, Prezidentiň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew, we “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew dagy bar.

Duşuşykda taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanmalaryny mälim etdiler diýip, “Biznes Türkmenistan” Hytaýyň “Sinhua” agentligine salgylanyp habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýärler
Hytaýyň wise-premýeri ýokary derejeli türkmen wekiliýeti bilen duşuşdy
Wan I Hytaýyň daşary işler ministri wezipesine bellendi
Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi Aşgabatda geçiriler
Türkmenistanyň wekiliýeti 5-nji Bütindünýä Metbugat sammitine gatnaşýar