Hytaýyň wise-premýeri ýokary derejeli türkmen wekiliýeti bilen duşuşdy

Hytaýyň wise-premýeri ýokary derejeli türkmen wekiliýeti bilen duşuşdy

Hytaý we Türkmenistan energiýa hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

16-njy oktýabrda Hytaýyň wise-premýeri Din Sýuesýan Bir guşak — bir ýol halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumyna gatnaşmak üçin Pekine gelen Türkmenistanyň ýokary derejeli wekiliýeti bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Prezidentiniň geňeşçisi Aşyrguly Baýryýew, wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow, döwlet ministri, Türkmengaz döwlek konserniniň başlygy Maksat Babaýew duşuşyga gatnaşdylar.

Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy bolan Din Sýuesýan Hytaýyň iki ýurduň döwlet Baştutanlary tarapyndan gazanylan möhüm ylalaşyklary doly durmuşa geçirmek, energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de öňe ilerletmek babatda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň metbugat beýanatynda habar berildi.

Türkmen wekiliýeti hem öz gezeginde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky tebigy gazyň eksporty boýunça hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň energetika pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we iki ýurduň arasynda köpugurly strategiki gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan bilen Hytaý energetika bilmi ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeldýär
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň strategik hyzmatdaşlygynyň özeni
Wan I: Hytaý — Merkezi Aziýa sammiti Hytaýyň daşary syýasaty üçin möhüm waka boldy
Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Si Szinpin: Hytaý siwilizasiýanyň täze görnüşini döretdi
Hytaýda Kommunistik partiýanyň ygtyýarlylyklaryny artdyrýan kanun kabul edildi
Putin Ýene-de 6 Ýyl Möhlet Bilen Russiýany Dolandyrar