Wan I Hytaýyň daşary işler ministri wezipesine bellendi

Wan I Hytaýyň daşary işler ministri wezipesine bellendi

Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň täze başlyklygyna Wan I bellendi diýip, Sinhua habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by belarus saýty ýazýar.

HHR-iň parlamenti ýurduň DIM-niň başlygy wezipesinden Sin Gany boşadyp, onuň ýerine Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň daşary işler boýunça komissiýasynyň diwanynyň başlygy Wan Ini belledi. HHR-iň Başlygy Si Szinpin bu barada degişli Karara gol çekdi.

Wan I Hytaýyň daşary işler ministri bolup, 2013-nji ýyldan 2022-nji ýylyň ahyryna çenli işledi, soňra 2023-nji ýylyň ýanwarynda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň daşary işler boýunça komissiýasynyň diwanynyň başlyklygyna bellendi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dört dalaşgär gatnaşar
Şri-Lankada ýöriş wagty azaşan 180 talyp halas edildi
Hindistanda dini çäre wagty 300 adam iýmit zäherlenmesinden ejir çekdi
Mongoliýada ýazky daşgynlaryň bolup biljekdigi barada duýduryş çap edildi
Malaýziýada 6,5 müňden gowrak adam sil joşmasy sebäpli öýsüz galdy
Szinpin sanly söwdanyň dünýä ösüşine itergi berýändigini aýtdy