Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi Aşgabatda geçiriler

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi Aşgabatda geçiriler

Şu ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabat şäherinde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçiriler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde oňa türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Raşid Meredow komitetiň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine nebitgaz ulgamy, ulag-logistika, oba hojalygy, himiýa hem-de dokma senagaty, ylym, bilim, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň wajyp meseleleriniň giriziljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň hasabatyna görä, mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň köptaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy göz öňünde tutýandygyny nygtady we Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Mao Niniň aýdanlaryna salgylanyp, “Sinhua” agentliginiň duşenbe güni beren habaryna görä, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik Komitetiniň agzasy Din Sýuesýan 26-30-njy noýabr aralygynda Türkmenistanda we Gazagystanda saparda bolar.

Ýene degişli makalalar

Hytaýyň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Aşgabatda saparda bolar
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa sapar edýär
Türkmenistan we Hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maksat edinýärler
Maorileriň Patyşasy läheňler bilen adamlaryň hukuklaryny deňleşdirmäge çagyrdy
Kanadada derýa ýuridik şahs hukugy berildi
Welaýati: Marokkanyň sionist režimi bilen gatnaşyklarynyň kadalaşdyrmagy Yslam dünýäsine dönüklikdir