Hytaýyň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Aşgabatda saparda bolar

Hytaýyň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Aşgabatda saparda bolar

Ozal habar berşimiz ýaly, 29-njy noýabrynda Aşgabatda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçiriler.

Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, bu mejlise Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşar.

HHR-iň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mao Niniň beren beýanatynda bellenilişi ýaly, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Din Sýuesýan 26 30-njy noýabr aralygynda Gazagystanda we Türkmenistanda saparda bolar. Hytaýyň ýokary derejeli döwlet wekiliýeti Gazagystanda Hyzmatdaşlyk boýunça gazak-hytaý hökümetara komitetiniň mejlisine, Aşgabatda bolsa Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisine gatnaşar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar strategik häsiýete eýedir. Özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek, täze geljegi uly ugurlar boýunça türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, degişli ikitaraplaýyn Ylalaşygyň esasynda, agzalan komitet döredildi. Häzirki wagta çenli bu komitetiň bäş mejlisi geçirildi. Komitetiň düzüminde 6 sany kiçi komitet hereket edýär.

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisiniň gün tertibine nebitgaz ulgamy, ulag we logistika, oba hojalygy, himiýa we dokma senagaty, ylym we bilim, ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri girizildi. Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň sentýabr aýynda Bir guşak, bir ýol III ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Pekinde iş saparynda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik Komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi Aşgabatda geçiriler
Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisi geçirildi
Aşgabatda hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň mejlisi geçirildi
Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisinde birnäçe resminamalara gol çekildi
Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow we Din Sýuesýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar