Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň tegelek stolunyň bilelikdäki mejlisi geçirildi

Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň tegelek stolunyň bilelikdäki mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň tegelek stolunyň bilelikdäki mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri, şeýle hem BMG-niň Aşgabatdaky edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýew çykyş edip, Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda yzygiderli ösýän strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary netijeliligini belläp geçdi.

Soňra, Milli meýletin syny hödürlendi we Türkmenistan wekiliýetiniň 2023-nji ýylyň iýul aýynda ECOSOC ýokary derejeli syýasy forumyna gatnaşmak üçin amala aşyran saparynyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa çykyşynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň döwletiň içerki we daşary syýasatyna işjeň gatnaşýandygyny belledi. Durnukly ösüş maksatlarynyň iki sany ýaş ilçisiniň Syýasy forumyň işine gatnaşmagy, öz gezeginde, milli we halkara derejesinde türkmen ýaşlarynyň sesini goldanylýandygyny tassyklaýar.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Forumyň çäginde Durnukly şäher ulagy: BMG-niň Baş Assambleýasynyň Durnukly ulag boýunça ýokary derejeli mejlisine taýýarlyk we DÖM-nyň 11-nji bendini durmuşa geçirmek üçin Arkadag şäheriniň nusgasy atly ugurdaş çäräniň geçirilendigi bellendi.

Habarda bellenilişi ýaly, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek DÖM-nyň sammiti barada ýygnananlara habar berdi we milli borçnamalaryň taýýarlanylyşy, şeýle hem Türkmenistanyň DÖM-nyň sammitine bu borçnamalaryny işläp düzmek üçin goşmaça gurallar barada aýdyp geçdi.

Duşuşygyň dowamynda tegelek stola gatnaşyjylar Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary G.Annanyýazowanyň DÖM maglumatlarynyň milli bazasyny işe girizmegiň gidişi baradaky maglumatlary diňlediler.

Ýene degişli makalalar

Durnukly ulag, energetika ykjamlygy hem-de BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin ýörite maksatnamasy baradaky kararynyň ýerine ýetirilişi ara alyp maslahatlaşyldy
Türkmenistan we BMG durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlygy giňelder
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi
Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan maslahatlar geçirildi
Balkanda ýene ýangyç gytçylygy emele geldi
Türkmenistan BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin agzalygyna saýlandy