Dynç alýanlar bolmadyk Baýramalydaky şypahanadan 15 işçini çykardylar

Dynç alýanlar bolmadyk Baýramalydaky şypahanadan 15 işçini çykardylar

Baýramalydaky şypahanada dynç alýanlaryň juda az bolandygy üçin onuň fiziýoterapiýa bölümi ýapyldy. Ol ýerden 3 sany lukman we 13 sany şepagat uýasy, şeýlede tehniki işçiler çykaryldy. Bu barada “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler.

Awgust aýynyň ahyrynda şypahanyň baş lukmany ýerli häkimiýetlere we saglygy saklaýyş hem saglyk senagaty ministrligine ýazmaça ýüzlenip, goldaw bermeklerini sorapdy. Bu hata haýsyda bir edara jogap bermändi.

Mundan owal saglyk merkezinde diňe ýurdyň ilaty dälde,onuň GDA giňişliginde meşhur bolandygy üçin çet ýurtlylar hem dynç alyp, maliýe goldawyny berýärdiler.

Işden çykarylan medisina işçileri 15-20 ýyllyk iş tejribeleri bolan hünärmenlerdi.Galan işçiler hem eger häkimiýetleriň goldawy bolmasa,tomusa çenli şypahananyň doly ýapylmagynyň mümkindiginden howatyrlanýarlar.

Türkmenistanda 9 sany şypahana bar: Olar Aşgabadyň eteklerindäki “Bagabat”, ”Arçman”, Ahal welaýatyndaky “Ýyly suw”, Balkandaky “Awaza” we “Mollagara”, demirgazyk welaýatdaky “Daşoguz” , Lebapdaky “Farab”, Marydaky “Baýramaly”, Aşgabatdaky “Berzeňgi”.

2020-2021-nji ýyllarda koronawirus ýokanjy sebäpli, şypahanalar wagtal-wagtal işlediler.

2020-nji ýylyň oktiýabrynda prezident Berdimuhamedow “Türkmenistanyň şypahana ulgamyny 2021-2025-nji ýyllarda ösdürmek” baradaky milli maksatnamany tassyklapdy.

Ol 2021-nji ýylyň martynda şypahanalary “durnukly ösdürmek” barada hem aladalanypdy.

Şol döwürde ykdysady pudaga jogapkär premýer-ministriň orunbasary Gadyrgeldi Müşşikow şypahanalaryň maliýe-hojalyk ýagdaýlary boýunça analiz edilendigi babatda hasabat berip, putýowkalaryň täze bahasyny teklip edipdi.

Soňra olary prezident tassyklapdy.The post Dynç alýanlar bolmadyk Baýramalydaky şypahanadan 15 işçini çykardylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
“Türkmenbaşy” banky açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüler
Berdimuhamedow kadr çalşygyny geçirdi, ogluny täze wezipä belledi
Gadyrgeldi Müşşikow Türkmenistanyň Merkezi bankyna täze ýolbaşçy bellendi
HPG-niň we AÖB-niň Türkmenistandan dolandyryjysy çalşyldy
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekil bellenildi