Dyrnak iýme endiginden nähili halas bolmaly?

Dyrnak iýme endiginden nähili halas bolmaly?

Dyrnak iýme hassalygy

Dyrnak iýme hassalygy jemgyýetde ýygydan görülýän näsaglyklardan biridir.

Dyrnak iýme hassalygy näme?

Dyrnak iýme hassalygy jemgyýetde ýönekeý endik ýaly kabul edilýän hem bolsa, psihiki sebäplerden ýüze çykýan näsaglykdyr.

Dyrnak iýme hassalygynda, adam dyrmaklaryny dişleri bilen kesýär. Käbir adamlar dişleri bilen dyrnaklaryny kesenden soň, iýmeýäň bolsa, käbirleri iýýär. Dyrnak iýme endigi bolan adamlar, dyrnaklarynyň düýbüne we onuň daşyndaky derä zeper ýetirýär. Dyrnak iýme hassalygy bolan adamlaryň käbirlerinde saç çekme we deri goparma ýaly başga gaýtalanýan hereket näsazlyklary hem ýüze çykyp bilýär.

Dyrnak iýme hassalygynyň sebäpleri näme?

Dyrnak iýme hassalygynyň näme sebäpden ýüze çykýandygy anyk bilinmeýär. Beýleki tarapdan dyrnak iýme endiginde genetiki geçişiň täsiriniň bardygy çaklanylýar. Şol adamlaryň ýakyn hossarlarynda ýerliksiz aladalanmalaryň artykmaç görülýändigi pikir edilýär. Dyrnak iýme endigi bolan adamlar umuman bu endigi dartgynlyk, alada duýgusy bilen arabaglanşykly başdan geçirýändiklerini beýan edýarler.

Dyrnak iýmegiň zyýanlary

Dyrnak iýme hassalygy sebäpli barmaklarda, dyrnaklarda we dyrnak etinde dokuma zeper ýetýär.Dyrnaklar gelşiksiz we zeperlidir.Dyrnak iýme endigi şol bir wagtda-da agyz ýaralanmalaryna, dişlerde zaýalanmalara sebäp bolup bilýär.

Deri infeksiýalary we kömelek emele gelmesi ýüze çykyp bilýär.Dyrnaklaryny ýuwudýan adamlar aşgazan we içege ýokançlaryna hem sezewar bolup bilýär.Dyrnakda we onuň töwereginde bolan wirusdyr kömelekleriň agyz içiniň mukozasyna degmegi, ikinji bir bir ýokanja sezewar bolma ähtimallygyny artdyrýar.

Mysal üçin dyrnak iýme endigi bolan adamlarda siňňil ýokanjy ýygydan görülýär.

Çagalarda dyrnak iýme meselesi

Dyrnak iýme endigi esasan 3-4 ýaşlarda başlaýar we jahyllyk jagynda hasam artýar. 3 ýaşyna ýetmedik çagalarda dyrnak iýme endigi seýrek gabat gelýär.

Dyrnak iýme endiginden nädip halas bolmaly?

Endigiňizden bir günde gutulyp bilmersiňiz. Emma onuň wagt sarp edip, tagalla etseňiz dyrnak iýme islegiňizden hemişelik halas bolmak mümkin.

Dyrnak iýme hassalygyndan gutulmak üçin şu aşakdakylardan peýdalanyp, halas bolmak mümkin:

· Ilki bilen günüň dowamynda dyrnak iýmäge nirede başlandygyňyzy kesgitlemek möhüm. Oňa sebäp bolýan we ony artdyrýan haýsydyr bir alada, kynçylyk ýa-da emosional arabaglanşygyň bolup bolmandygy anyklanmaly.

Sizi dyrnak iýme islegine nämäniň gönükdirýändigini öwrenenden soň, bu endigi taşlamak üçin şertleri özgertmek üçin nobatdaky başlangyjy etmek maslahat berilýär.

· Dyrnak iýme sebäpleriňizi gönden öwrenýän bolsaňyz, edilmeli nobatdaky başlangyç; dyrnaklaryňyzy näçe aralyklarda iýmek isleýändiňizi bellik etmeklikdir. Dyrnak iýme endigiňizi bellik etmek üçin bir minutlyk wagt aýyryp, dyrnak iýme ritimini bozuň we bu hereket hakynda pikirleniň.

· Dyrnaklaryňyz elmydama gysga bolsun. Gysga dyrnaklar dişiňiz bilen dyrnaklaryňzy kesilmejekdigi üçin bu endikden halas bolmagyňyz üçin peýdalydyr.

· Dyrnaklaryňyza dermanhanalarda reseptsiz satylýan tagamy erbet bolan reňksiz laklardan çalynyň.

· Yzgiderli häsýetde dyrnaklaryňyza seretdiriň. Owadan dyrnaklar, dyrnak iýme islegi dörän halatynda oňuň öňüne geçmek üçin sizi herekete geçirer.

· Dyrnaklaryňyzy ýapyň. Dyrnaklaryňyzy ýapmak üçin ellik geýinmek, flaster ýapyşdyrmak maslahat berilýär.

· Kiçi çagalary tisgindirmek üçin ündewler etmek maslahat berilmeýär. Sebäbi üns çekme islegi sebäpli tersine endik edinme ähtimallygy bardyr.

· Dyrnak iýme endigini has peýdaly we oňyn endikler bilen öwez etmäge çalyşyň. Mysal üçin dyrnak iýmäge ýönelen mahalyňyz onuň ýerine stress topy bilen meşgullanyň.

· Beýleki bir ýol bolsa, sizi dyrnak iýmeklige sezewar edýän zatlary anyklap, olardan çetde durmaga çalyşmaklykdyr.

· Dyrnak iýme endigini tapgyrlaýyn azaltmak mümkin. Mysal üçin dyrnak iýme islegine garşy özüňizi iki eliňiziň başam barmaklaryny asla iýmejekdigiňize borçlandyryň. Onuň hötdesinden gelenden soň beýleki barmaklaryňyz üçin hem şeýle karar geliň.

· Käbir adamlar üçin terapeýa maslahat berilýär. Bu bejergi üçin adamyň meselesi bilen ýüzleşmegi we bejergä oňyn garamagy gerek bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

30 kilogramlyk akwarium balygy çeňňege düşdi
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
PETRONAS Çarigali Sdn Bhd kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar
ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy
Taryhynda 1 gezek ýeňiş gazanan topar