Ekoişjeňler Jenap Bini aýyplaýarlar

Ekoişjeňler Jenap Bini aýyplaýarlar

Green Alliance kompaniýasynyň ekologiýany goramaga çagyryjylary adybir teleserialda Jenap Biniň keşbini döredýän britan komigi Rouen Atkinsony elektrik ulaglaryň söwdasynyň haýallamagynda aýyplaýarlar. Bu barada Motor.ru neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

2023-nji ýylda Atkinson The Guardian gazetinde elektrik ulaglarynyň geljegi barada pikir ýöredip, däbe öwrülen ýangyçda işleýän ulaglaryň elektrik ulaglara garanda, ekologiýa babatda has zyýansyz bolmagynyň mümkindigini aýdypdyr. Aktýor şeýle hem ulaglaryň geljegini wodorodda we sintetik ýangyçda işleýän ulaglarda görýändigini nygtapdyr.

Green Alliance kompaniýasy Atkinson şeýle etmek bilen, adamlary elektrik ulaglary satyn almakdan ýüz öwürmäge çagyrýar, netijede hem Beýik Britaniýada elektrik ulaglaryň satuwlarynyň pese gaçmagyna sebäp bolýar diýip, hasaplaýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň sekizisi UI GreenMetric dünýä uniwersitetiniň reýtingine girdi
"Broadway. Dowamy”. Keýt Bass we Aarun Ýang türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler
Türkmenistan ýaşlar syýasatynda, ulagda we saglygy goraýyşda gazanan üstünlikleri üçin halkara baýraklara eýe boldy
Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär
Aşgabatda meýletinçileriň Green Games taslamasyna kabul edişlik dowam edýär