Ekwadorda bolan ýertitremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Ekwadorda bolan ýertitremede ýogalan adamlaryň sany artdy

Ekwadoryň Prezidentliginden ýurduň Balao şäheriniň 6 km demirgazyk-gündogarynda başdan geçirilen ýertitreme bilen baglanşykly berilen beýanatda, ýaralanan adamlaryň sanynyň bolsa 446-a ýetendigi habar berildi.

Ýurtda ýertitremäniň iň köp zyýan ýetiren şäherleriň El Oro we Azuaýdygy we ol ýerde gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi mälim edildi.

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, ýertitremede azyndan 360 bina ýumruldy.

Ekwadoryň Döwlet baştutany Gilýermo Lasso, ýertitremäniň başdan geçirilen şäherlere sapar gurap: "Gözleg we halas ediş işleriniň tiz wagtda başladylyp bilinmegi üçin hökümet hökmünde gerek bolan ähli maliýe kömegi üpjün edildi. Çekilen zyýanyň anyklaýyş işleri başladyldy" diýip belledi.

Ýertitremäniň täsir ýetiren Peru döwletiniň demirgazygyndaky Tumbes şäherinde hem 4 ýaşyndaky bir gyz çaganyň ýogalandygy, 73 adamyň hem ýaralanandygy aýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Ekwadorda suw süýşgünlerinde 50 adam dereksiz ýitdi
Ekwadorda Bolan Ýer Titremesinde 13 Adam Ýogaldy
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Türkiýe Asyrynyň Gahrymanlary Uly Hormat Bilen Hatyralanýar
Amazon ýurtlarynyň ýygnagy
Daşary ýurtlar Ankaradaky hüjümi ýazgarýarlar