Ekwadorda ilkinji metro işe başlady

Ekwadorda ilkinji metro işe başlady

Duşenbe güni Ekwadoryň paýtagty Kitoda ilkinji metro işe başlady. Bu barada Ýerasty jemgyýetçilik ulagy ulgamynyň ýolbaşçysy habar berdi diýip, Trend ýazýar.

Kitumbe stansiýasyndan ýolagçyly ilkinji metro otlusy ugrady diýlip, habarda aýdylýar. Metronyň ilkinji ugrunyň uzynlygy 23 kilometre golaý, onuň ugrunda 15 duralga bar. Metronyň gurluşygy 10 ýyla golaý wagta çekdi. Onuň şäherde ýene iki ugrunyň peýda boljakdygy aýdylýar.

Deslapky maglumatlara görä, metropoliten Kitonyň ýaşaýjylaryna demirgazyk etraplardan günorta etraplara çenli aralygy 1,5 sagatdan 30 minuda çenli kemeltmäge mümkinçilik berer. Respublikanyň paýtagtynyň ilaty şäher etekleri bilen hasaba alnanda, 3 million adamdan geçýär.

Ýene degişli makalalar

Ekwadordaky ýer yranmasynda 450 adam ejir çekdi
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Ekwadorda ýer süýşgünleri netijesinde 16 adam ýogaldy
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Demirgazyk akym boýunça Rezolýusiýany kabul etmedi
Ekwadorda bolan ýertitremede ýogalan adamlaryň sany artdy
Ekwadorda Bolan Ýer Titremesinde 13 Adam Ýogaldy