El hünäri nesillere milli terbiýe mekdebi atly söhbetdeşlik geçirildi

El hünäri  nesillere milli terbiýe mekdebi atly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda milli el işlerimizi okuwçy gyzlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen El hünäri nesillere milli terbiýe mekdebi atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimiz, olaryň gadymylygy, ýerine ýetiriliş aýratynlygy, nepisligi barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphananyň hünärmenleri höwesjeň okyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Enä tagzym mukaddeslige tagzym, Arşyň nepisligi, Janly rowaýat atly kitaplarynda beýan edilýän zenan mertebesi, milli el hünärlerimiziň gadymylygy barada gyzykly gürrüňler berdiler.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nesillere nusgalyk el hünäri barada hem bilesigeliji okyjylarymyz bilen täsirli gürrüňler etdiler. Türkmen milli el işleri esasynda gurnalan göçme sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Kitaphana ýaş okyjylary sylaglaýar
Ýaňlansyn dünýäde çaga gülkisi
Kitaphana- paýhaslar öýi
AHLAK TERBIÝESI YNSAN GÖZELLI
ASUDALYGYŇ SYNMAZ BINÝADY
Hytaýyň ilçihanasy Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine okuw kitaplaryny sowgat berdi
WATANÇY, ŞAHYR ŞALY KEKILOW